Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan “Talybany” hökümet bilen gepleşik geçirilýänini ret edýär


Pakistan “Talybanynyň” sözçüsi “Talybanyň” agzalarynyň biriniň hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirýändigi barada aýdanlaryny ret etdi.

Pakistanyň “Tehrike-Talyban” toparynyň söçüsi Ehsanulla Ehsan “Assoşeýted prese” özleriniň hökümet bilen gepleşik geçirmeýändigini aýtdy.

Ehsanyň beýanaty toparyň komandiriniň orunbasary Maulwi Fakir Mohammadyň meniň adamlarym hökümet resmileri bilen bu toparyň dört ýyllyk pitnesini soňlamak barada gepleşik geçirýär diýen sözlerinden soň ýaýradyldy.

“Talybanyň” üçünji bir resmisi Molla Dadulla bolsa, Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna Mohammadyň toparyň adyndan gepleşik geçirmäge ygtyýarynyň ýokdugyny aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani bu diýilýän gepleşik barada berlen soraga hökümet “Talyban” jeňçilerini togtatmak üçin tagallany dowam etdirýär diýip jogap berdi, ýöne gepleşikleriň geçirilýändigini tassyklamakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG