Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Aşura partlamasynyň pidalarynyň 80-e ýetendigini aýdýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý geçen hepde şaýy musulmanlarynyň baýramçylyk dabaralaryna edilen hüjümiň pidalarynyň başda habar berlişinden has köpräkdigini aýtdy.

Karzaý Kabulda çykyp gürläp, 6-njy dekabrda Aşura baýramçylygynda öldürilen adamlaryň sanynyň 80-digi barada täze maglumat alandygyny aýtdy.

Ozal Kabulda, Mazary-Şerifde we Kandaharda gurnalan üç bomba hüjüminde jemi 59 adamyň wepat bolandygy aýdylypdy.
XS
SM
MD
LG