Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir şahsyň dilinden: Orsýetde rus däl çaganyň durmuşy


Aida Kasymalyýewanyň bäş ýaşly gyzy Bermet
Aida Kasymalyýewanyň bäş ýaşly gyzy Bermet

Aida Kasymalyýewa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Moskwadaky habarçysy bolup işleýär. Ol şu tomus gyrgyz paýtagty Bişkekde enesi we atasy bilen ýaşaýan bäş ýaşly gyzy Bermeti Moskwa getirdi. Bu Kasymalyýewanyň öz gyzynyň Orsýetdäki durmuşy baradaky ýazgysy.


Domodedowa aeroporty, Moskwa. Bermet geldi. Ol geldi! 17 kilogramlyk arassa bagt ýene maňa gowuşdy.

“Eje, biz indi ors bolýarys, şeýlemi?”

“Sen näme üçin beý diýýärsiň?”

“Sebäbi biz Moskwada.”

“Ýok, biz ors däl.”

“Onda näme üçin biz bu ýere ýaşamaga gelýäris? Bu ýer orsdan dos-doly, töwerek-daşyňa bir seret!”

“Hawa, Bişkekdäkiden has kän.”

“Olar Sweta daýza meňzeş. Bu ýerde örän kän Sweta daýza bar.”

“Munuň ähmiýeti ýok. Biz bu ýerde wagtlaýyn, sebäbi men şu ýerde işleýärin. Biz gyrgyz.”

“Aha, men indi düşündim. Orslar Bişkege gidýär, biz bärik gelýäris. Biz ýerimizi çalyşýarys. Bu bir oýun!”

Ol bu pikirini metroda gyrgyz duşsa gaýtalady ýördi. Ol özi üçin bir proýekt işläp düzdi we metro syýahatlary mahalynda gabat gelen watandaşlaryny sanamaga başlady. Biz bir gezek ýedi stansiýa aralygynda duşan gyrgyz emigrantlarynyň sanyny 300-e ýetirdik.

Öýe hoş gelmediň

Men Bermet gelmezinden öň Moskwanyň daş ýüzündäki Balaşihe şäherinden ýaşar ýaly ýer tapdym. Bu ýere gatnamak esli wagt alýardy: awtobusda 55 minutlyk ýol aşyp, soň şäher merkezine çenli 40 minutlap metroda gitmelidi. Bu gatnaw ýolda dyknyşyk bolanda has-da köp wagt alýardy.

Meniň Balaşihada ýaşaýan ýerimde köp täze jaý bolup, olaryň hemmesi diýen ýaly ýaş maşgalalara niýetlenip gurlana meňzeýär. Özem ol jaýlaryň hemmesi birmeňzeş gurlan, birmeňzeş mämişi reňk bilenem reňklenen. Käte ol jaýlaryň içinde ýaşaýan maşgalalar hem biri- birine gaty çalymdaş, şol bir keşpdäki eje, şol bir keşpdäki çagalar. Özem olaryň hemmesi bizden üýtgeşik.

Aida Kasymaliýewa
Aida Kasymaliýewa
Men Bermeti ilkinji gezek öýe getiren günüm, sumkalarymyzy egnimizden düşürip-düşürmän daşaryk gezelenje gitdik. Bişkekde ötegçileriň ýüzünde mylaýym ýylgyryş döredýän mähirlije Bermetim howly meýdançasyna ýygnanan aýallaryň hemmesine gadyrly salam berdi. Emma salamyny almadan geçen, ol aýallar ony asla görmedik, eşitmedik boldular. Diňe biri däl, hemmesi şeýtdi, asyl ýekejesi dagy ýylgyrsyn-la.

Şol agşam, Bermetiň Moskwanyň etegine ilkinji aýak basan gezegi, biz öýe garjaşyk bir duýguly, gamgyn halda dolandyk. Ol soňky bir hepdäniň dowamynda ýeke oýnamaga endik etdi, köçede duşan adamlar bilen salamlaşjak bolmasyny bes etdi.

“Aý, eje, ol adam banan iýýär, meňem iýesim gelýär!”

“Hawa, men iýýän, ýöne bu seniň işiň däl” diýip, ol adam Bermete azgyryldy.

Men içdäki duýgularymy daşyma çykarmazlyga çalyşýardym. Ýöne şol gün men “Twitterde” içimi dökdüm. “Men bu barada ýazmak islemedim. Emma Bermet geleli bäri men daşaryk gezelenje çykýaryn. Ýöne biz keseki, başga, üýtgeşik adam. Hiç kim bize ýylgyrmaýar. Bu ýerdäki çagalar hem öz ejeleriniň ýigrenjine eýerýärler.”

Ertesi Bermet daş işikde dost edinmek synanyşygyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol ilki bir gyzjagazyň ýanyna bardy, soňra beýlekisiniň ýanyna ylgady, olar bilen tanyşjak boldy. Emma bu synanyşyklaryň bary biderek bolup çykdy. Onuň bar alan jogaby sessizlik boldy. Mundanam başga, howludaky aýallaryň biri gyzynyň adyny tutup, gaharly gygyrdy: “Daşa, gel bärik!”

“Olar meniň bilen oýnamak islemeýär” diýip, Bermet lapykeç gürledi. “Men yzyma, Bişkege gitmek isleýän. Men öz dostlarymyň, Akerkeniň, Merimiň, Aýdaýyň, Arturyň, Maşanyň ýanyna gitmek isleýän.”

Meniň depämden gök inen ýaly boldy. Ýer öz okundan sypyp, soňsuz bir boşluga güwläp gidip barýan ýalydy. Men öz hal-ahwalymy diňe şu sözler bilen beýan edip biljekdim.

Wagt geçdigiçe meniň Bermet bilen edýän gürrüňlerim şol bir zatlaryň gaýtalanmasyna aýlandy.

“Meniň bilen hiç kim oýnamaýar.”
“Olar seni tananoklar-da, Bermet.”

“Ýok, olar yzgytsyz.”

“Çagalar bagynda hemme zat gowy bolar. Sen bir topar dost edinersiň!”

“Olar näme üçin meniň bilen oýnamak islemeýär? Men olaryň ýanyna barýaryn, emma olar meniň bilen gürleşmeýär.”

Men şu ýerde bir zady açyklamak isleýärin, Bermet rusça meniň özümden hem gowy gürleýär. Onsoňam onuň Bişkekde dürli milletlerden bolan bir topar dosty bar.

Howludaky gettolar

Balaşiha ýakymly atlardan dos-doly. Bu ýerde “Solnyşko” - “Güneşli” awtobus duralgasy, “Pole çudes” - “Gudratlar meýdany” mikroraýony bar. Hatda şäheriň öz ady hem fin-ugor dilindäki “gülki we şatlyk ýeri” diýen sözlerden alnana meňzeýär. Bu atlaryň hemmesi biziň her öwrümde diýen ýaly duşýan sowuklygymyza büs-bütin gapma-garşy gelýär.

Bir gün biz öz mikroraýonymyzdaky çagalar meýdançalarynyň ählisine aýlanyp görüp, ahyrynda hem öz öýümize golaý bir ýerde saklandyk. Bermet ikimiz bilen, hamala ýolda başga hiç kim ýok ýaly, ne salamlaşan boldy, ne-de baş atyşan. Nätanyş adamlaryň sowuk nazarlary bizi çar tarapdan dürtýän, iteleýän, hürsekleýän we “siz keseki, keseki” diýip, sessiz dalaýan ýalydy.

Bermet bir skameýkada oturyp, daş-töweregine göz gezdirdi.

Bu ýerdäkileriň hemmesi ors däldi. Ol ýerde kawkazlylar hem bardy, olaryň çagalary rusça geplemeýärdi. Olar bir skameýkanyň ýanynda üýşüp durdylar. Ikinji skameýkanyň ýanynda ors aýallar ýygnanypdylar. Bermet ikimiz bolsa üçünji skameýkada otyrdyk.

“Täjikler”

Ertesi gün ol ýerde garry aýallar tarapyndan eýelenen skameýkada diňe bir orun boşdy. Ol aýallaryň biri maňa alarylyp seretdi-de, “porsy” täjikler, olaryň nähili “medeniýetsizdigi” barada gaty-gaty gürlemäge başlady. “Olar uzak gije gygyrýarlar, irden bolsa porsy ýorganlaryny balkonda serýärler” diýip, ol aýtdy. Ol meni täjik hasaplan bolarly.

Hakykatda ol ýerde özbekler köplük bolup ýaşaýardy. Olar migrant işçilerdi we hünärsiz günlükçilerdi. Olaryň çagalary rusça geplemeýärdiler we çaga meýdançalaryndan gaça durýardylar. Emma o taýda täjik ýokdy.

Bir gezek men öýe santehnigi çagyrdym. Telefonda ýaşaýan ýerimiň salgysyny beremde, ol maňa bu ýerde “çurkalaryň” köpdüginden zeýrendi. Ýöne ol on minut soň, kwartiranyň gapysyny açanyň hem şol diýýän “çurkalaryndandygyny” görüp, birjigem rahatsyz bolmady.

Gara Emma

Çagalar bagynda bolan birinji gününden soň Bermet meniň ýanyma gelip, “Eje, meniň endam-janym gara. Meniň saçlarymam, gözlerimem, hatda derimem gara” diýdi.

Men bir pursat doňup galdym, emma özümi şadyýan görünmäge mejbur etdim: “Seniň aýdýanyň dogry, balam, biziň ikimizem gara gözellerden” diýip, aşhanada duran ýerimden gygyrdym. Men onuň bu sözleri nireden eşidenini yzarlajak bolmadym.

Ol çagalar bagyna iki aýlap gatnandan soň hem hiç dost tapynyp bilmedi.

“Sen biziň toparymyzdan däl. Biz seniň bilen oýnamak islämzok” diýip, Bermet bir gün maňa Wika hem Daşa atly ýaşytdaşlarynyň aýdan sözlerini aglap gürrüň berdi.

Men öz çagama diňe hoşniýetli garalmagyny isleýärdim. Haçanda onuň bu ýerden gitmeli wagty gelende, men özümi adat bolan hoşlaşyk tortuna getirmäge mejbur edip bilmedim. Oňa derek men çagalar bagynyň müdirine öz nägileligimi bildirmek kararyna geldim. Biziň düşünişmämiz, garaşyşym ýaly, bir sagatlyk dawa-gykylyga öwrüldi. Ol men Bilim ministrligine arz ederin diýip haýbat atýançam ýan bermedi.

“Eger bir ýalňyşlyk bolan bolsa, bagyşlaň” diýip, ol ahyrynda kynlyk bilen ötünç sorady. Ýöne barybir Bermet bilen hoşlaşmady.

Şol gün öýe gelip, men Nýu-Ýorkda satyn alan Emma atly gurjagymy bagryma basdym. Emma Bermet bilen boýdaş, buýra saçly afrikan-amerikanyň şekilinde ýasalan gurjakdy. Onsoň biz üç bolup, “Gudrat meýdanyna” gezelenje çykdyk. Bu biziň bir-birege çydamlylyga goldaw üçin we başga milletleri halamazlyga garşy geçiren sessiz protestimizdi.

Gaýdyşyn liftde bize başga-da bir maşgala goşuldy. Ýigrenç howany agraldan ýaly duýuldy. Olaryň çagasy bir zada yrsarap, şumjardy. Onuň ejesi biziň Emmamyza seredip, “maýmyn bolma” diýip, çagasyna azgyryldy.

Moskwada Bitewilik günündäki rus ýörişi

4-nji noýabrda, aşa milletçileriň bu ýurtdaky kawkazlylara we we başga emigrantlara garşy protest geçirýän güni bolan Milli Bitewilik gününde men rus ýörişi barada habar taýýarladym. Müňlerçe protestçiniň arasynda men Bermetden uly bolmadyk bir gyzjagazy gördüm, ol uly adamlaryň biriniň eginde otyrdy we olar bilelikde gygyrýardylar: “Moskwa moskwalylar üçin! Orsýet orslar üçin!” Ol gyzjagaz, protestçileriň köpüsi ýaly, ýüzi maskalydy. Demonstrasiýa gelenleriň köpüsi ýaş ene-atalardy, olaryň ýanlarynda kolýaskalarda ýatan çagalary hem bardy. Onsoň men Bermet bilen bu ýerden çaltrak gitmelidigime düşündim.

Bişkege uçmazymyzdan öň men ýaşaýan kwartiramyň äpişgesinden mikroraýonyň beýleki jaýlaryna seredip durdum. Hatda daňdan sagat üçde-de garşydaky jaýlaryň üçüsinde çyra ýanýardy. Onsoň meniň kalbymda çekip-çydap bolmajak bir duýgy döredi-de, bir zat demligimden ýapyşan ýaly boldy. Men öz Bermedimiň başgalar tarapyndan boýnuna dakylan kemislik, kemsidilmek duýgusy bilen ösmegini islmeýärin. Meniň dürdäne gyzymyň kem zady ýok, ol bir allanäme çaga.

Men hiç zada düşünip bilmeýärin. Biz Dubaýda-da ýaşadyk we Bermet ol ýerde-de çagalar bagyna gatnady. Ol ýerde çagalara her kim, derisiniň ýa gözüniň reňkine garaman, mähirli bakýar. Araplar çaglaryň başyny emaý bilen sypap, mylaýym ýylgyrýalar. O taýda adam ýeňil dem alýar, egini gysyp, darykmaýar. Bu Bişkekde hem şeýle, bizde hiç kim hiç kimi ala tutmaýar, ýekirmeýär we başga-başga toparlara bölmeýär.

Adamlar maňa bu gören zatlarymyň diňe Moskwanyň eteklerinde şeýledigini, emma Moskwanyň özünde adamlara çemeleşmäniň başgaçadygyny ynandyrjak boldular. Olar maňa sen gaty ynjyk, peşeden pil ýasaýarsyň diýdiler. Ýöne men bäş kilometr aratapawudyň, hususanda Moskwada adamlary birden has rehimdar edip biljegine ynanyp bilmedim.

Adamlar munuň näme üçin beýledigini dürli-dürli düşündirýärler. Olar munuň yzgytsyzlyk däldigini, ýadawlykdygyny aýdýarlar. Emma meniň üçin bularyň parhy ýok. Biz indi gidýäris we men ertir barada ertir pikir ederin. Moskwada ýaşan iki ýarym aýynyň dowamynda Bermet iki kilo semräp, 17 kilolygyndan 19 kilo boldy. Onuň Moskwada artan şol iki kilo agramynyň bir kilosy gam-hasrat bolsa gerek.

“Men Moskwany halamok. Bu ýerde adamlar gaty yzgytsyz!” Bu Bermetiň Orsýete aýdan hoşlaşyk sözleridi.

Bu makala ilki rus dilinde Gyrgyzystanyň chalkan.kg habar gullugy tarapyndan çap edildi.
XS
SM
MD
LG