Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan isleg güýçlenýär


Orta mekdeplerde türkmen, iňlis, rus dilleri 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli okadylýar.

Orta mekdeplerde türkmen, iňlis, rus dilleri 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli okadylýar.

Türkmenistanda çagalara üç dil – türkmen, rus, iňlis dilleri öwredilýär. Rus we iňlis dilleri çagalar baglaryndan başlap, uly ýaşly we mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň hersinde hepdede iki sagatdan okadylýar. Orta mekdeplerde türkmen, iňlis, rus dilleri 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli okadylýar. Mugallym kadrlarynyň ýeterlik bolan mekdeplerinde bolsa dördünji bir dil – ýewropa ýa-da gündogar dilleriniň biri-de okadylyp, olar ýöriteleşdirilen mekdepler hasaplanylýar.

Ýaşlara üç dili öwretmek meselesinde degişli okuw programmalary ýola goýlan. Ýöne köp ýyl iş stažy bolan lebaply dilçi mugallaym Ýazmyrat aga bu ugurda edilmeli işleriň az däldigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeyle gürrüň berdi:

—Okuwçylara öz ene dillerinden beýleki dilleri öwretmek üçin okuw programmasyndaky sagat sanlary gatybir az hem däl. Türkmen, rus, iňlis dilleriniň 5-nji-10-njy klaslardaky jemi sagat sany 10-11 sagat. Bu az däl. Islendik bir başga dili öwrenmek üçin, ilki bilen, her bir okuwçy öz ene diliniň kadalaryny bilmeli. Türkmen dili üçin berilýän sagatlaryň beýlekilerden köp bolmagy gowy zat. Dilçi mugallymlaryň özara utgaşykly iş alyp barmaklary zerur. Ine, şu meselede edilmeli işler kän.

Iňlis we beyleki bir daşary ýurt dilini öwretmek üçin türkmençe-iňlisçe sözlükleriň, okuw materiallarynyň, beýleki gollanmalaryň ýeterlik däldigini aýdan iňlis dili mugallymy Serdar Azatlyk Radiosyna şeyle gürrüň berdi:

—Ylaýtada, daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmek isleýän okuwçylar üçin şeyle gollanmalar ýeterlik däl. Rus dilinde bolsa olar näçe diýseň tapylýar. Daşary ýurt tele we radio kanallarynda berilýän dil öwrediş kurslarynyň-da ählisi rus dilinde. Onsoň daşary ýurt dilini çuňňur öwrenmek isleýän türkmen çagalary, ýaşlary ilki bilen rus dilini gowy öwrenip, beyleki dili soňra şonuň üsti bilen öwrenmäge geçmeli bolýarlar. Bu bolsa okuwcylarda, esasan hem oba mekdepleriniň okuwçylarynda uly kynçylyk döredýär. Türkmen telewideniyesinde, radiosynda okuw kanalynyň ýoklugy hem dil öwrenýänleriň peydasyna däl.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we welaýat merkezlerinde dil we kompýuter boýunça ýörite kurs merkezleri hem hereket edýär. Ilatyň arasynda bu merkezlerde iňlis dilini öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany az däl. Bu merkezlerde dil tapgyrlaýyn öwredilýär we dürli ýaşdaky adamlar kabul edilýär.

Iňlis dili mugallymy Serdar adamlarda dil öwrenmäge bolan islegiň barha güýçlenýändigini aýdyp, şeýle diýýär:

—Daşary ýurt dilini, halkara dil hasaplanylýan iňlis dilini häzirki döwürde ösüp gelýän nesle öwretmegiň nähili möhümdigini tekrarlap oturmak hökman däl. Iň esasy zat bolsa, häzirki nesliň muňa gowy düşünýänligi, olarda daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan islegiň güýçlenýänligi. Türkmenistanda daşary ýurt dilini özbaşdak öwrenýän ýaşlaryň, orta ýaşly, hatda ýaşy 50-den geçenleriň hem köpelip başlamagy-da aýdylanlary subut edýär.

Umyt Jumaýew Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG