Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: Orsýetiň haýbatlary dowam edip biler


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Soňky döwürde dünýä metbugatynda “Transhazar” gazgeçirijisi boýunça dürli maglumatlar peýda boldy. Şol maglumatlarda, esasanam, bu proýektiň amala aşyrylmagyna garşy rus yolbaşçylarynyň atýan haýbatlary barada gürrüň edilýär.

Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “New America Foundation” ylmy-barlag edarasynyň alymy, “Foreign Policy” žurnalynyň ýazyjysy, “Nebit we şöhrat: Imperiýa bolan ymtylyş we Hazar deňziniň ykbaly” atly kitabyň awtory Stiw Liwin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eger Orsýetiň maksady “Transhazar” proýektiniň gurulmagynyň öňüni almak bolsa, bu işi amala aşyryp bilmegi üçin onuň ulanyp biljek gurallary nämelerden ybarat?

Stiw Liwin

Stiw Liwin

Stiw Liwin: Orsýet iň täsirli gurallarynyň birinden eýýäm peýdalanyp başlady. Ol hem Türkmenistana haýbat atmak we ony gorkuzmak strategiýasydyr. Öz nobatynda öňki prezident Nyýazow we onuň ornuna häkimiýet başyna geçen Berdimuhamedow, özleriniň Orsýetden gorkýanlygyny görkezdiler.

Orsýetden gorkýarlar diýlende, ýöne bir gorkmak däl, hatda olar ölmek we öldürilmek howpunyň abanýanlygyndan hem gorkup ýaşaýardylar. Şeýle-de türkmen ýolbaşçylary öz hökümetleriniň durnuksyzlandyrylmagyndan hem howatyr edýärler.

Mundan ozal Nyýazow, indem Berdimuhamedow “Transhazar” turbasy baradaky plan bilen ylalaşýanlygyny beýän etmezden ozal, bu proýekt sebäpli özüne ýa ýurduna howp abanan halatynda, ABŞ we Günbataryň Türkmenistana 100% goldaw bermegini, hatda kepil geçmegini sorap geldiler.

Emma Türkmenistan bu barada Günbatardan ýeterlik kepillik alyp bilmeýär, şonuň üçinem agzalýan bu gazgeçiriji proýekti başa barman gelýär. Meniň pikirimçe, Orsýet bu proýektiň başa barmagynyň öňüni almak üçin häzire çenli diňe haýbat atmak usulyndan peýdalanýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Türkmenistana haýbat atýanlygy aýdylanda, siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz, meselem, käbir rus ýolbaşçylarynyň aýdyşy ýaly Türkmenistany öz islegine boýun etmek üçin Orsýetiň harby çärä baş goşmagy mümkinmi?

Stiw Liwin: Ýok, harby hüjüm däl, harby hüjüm etmek bilen haýbat atmagyň gürrüňini edýärin. Meselem, Türkmenistan Orsýetiň bu duýduryşlaryna gulak asman, oňa: “Biz bu proýekti amala aşyrjak, eliňden gelenini aýama!” diýenmiş diýip, göz öňüne getiriň.

Ýöne haçan-da Orsýetiň atýan haýbatlaryna jikme-jik seredip, onuň iş ýüzünde näme etjegine we näme edip biljegine ýakyndan syn etseň, Moskwanyň hakykatdan hem harby çärä baş goşup biljegine şübhe döreýär. Belkem, bu duýduryşlar içi boş haýbatlardan ybaratdyr. Emma, Türkmenistanyň ýolbaşçysy bolsaň, şonuň ýaly içi boş haýbatlardanam gorkýarsyň.

Orsýetiň ikinji edip biljek işi barada, ýagny Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň janyna kast etmek synanyşygy baradaky mümkinçilik hakda aýtsak, haçanda şeýle synanyşyk bolan halatynda, Berdimuhamedowyň öz töweregindäkileriň ony gorap biljekdigine ynamy barmy?

Elbetde, biz juda gümürtik zatlaryň we gümürtik ýagdaýlaryň gürüňini edýäris. Emma haçanda Orsýetiň atýan haýbatlary barada aýdylanda, türkmen ýolbaşçylary edil şeýle gümürtik mümkinçilikleri hem hakykatdan üzňe hasaplamaýarlar. Aýtjak bolýan zadym, Orsýetiň hakykatdan hem edip biljek işi we onuň şol işi amala aşyrmaga bolan ukyby we islegi iki tapawutly meseleler. Hakyky manyda amala aşyrylaýmagy mümkin diýlen çäreden, onuň amala aşyrylmagy baradaky gorkusy has uly ýaly bolup eşidilýär.

Azatlyk Radiosy: Eger Orsýetiň Türkmenistana haýbat atmakdan maksady Aşgabady gorkuzmak we ony “Transhazar” proýektinden el çekmäge mejbur etmek bolsa, Moskwanyň Aşgabada garşy ykdysady taýdan basyş etmek mümkinçiligi nähili?

Stiw Liwin: Orsýet mundan öň, Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini juda azaldypdy. Ykdysady basyş barada aýdylanda, Orsýetiň ondan başga peýdalanyp biljek o diýen guraly ýok. Orsýet belkem ýewropalylar üçin “Günorta akym” proýektini has bähbitli etmäge synanyşyp biler. Başgaça söz bilen aýdylanda, Orsýet “Nabukko” proýektiniň ähmiýetini azaltmak üçin tagalla edip biler. Meniň pikirimçe, barybir “Nabukko” ýakyn wagtda amala aşyryljak proýekte meňzemeýär.

Azatlyk Radiosy: Syýasy basyş barada aýdylanda, Orsýetiň bu ugurda Türkmenistana garşy amala aşyryp biljek zady barmy?

Stiw Liwin: Orsýet mundan ozal hem syýasy taýdan öz goňşularyny durnuksyzlaşdyrmak boýunça käbir işleri amala aşyrdy. Diýmek, Orsýetiň Berdimuhamedowyň ýurdy kadaly ýagdaýda dolandyrmagyny kynlaşdyrmaga synanyşmagy mümkin.

Orsýet Türkmenistanyň etniki bölünşiklerinden hem peýdalanmaga synanyşyp biler. Gelip çykyşy boýunça türkmenleriň düýbi bir hem bolsa, olaryň arasynda region we etniki bäsleşikleriň bardygyny bilýäris.

Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Orsýetiň Türkmenistandaky şol tire-taýpalary hem biri-birine garşy öjükdirmäge synanyşmagy mümkin. Elbetde, bu barada Orsýetiň näderejede üstünlik gazanjagyny aýtmak kyn, ýöne ol Berdimuhamedowyň ukusyny gaçyrmaga ýetýär.

Azatlyk Radiosy: “Transhazar” proýektine garşy Orsýetiň atýan bu haýbatlary bilen bagly Moskwanyň iş ýüzünde nähili ädim ätjekdigi we onuň nähili ädimler ätmäge mümkinçiliginiň bardygy hakda gürrüň etdik. Gürrüňi edilen şol mümkinçiliklerden we gurallardan haýsysy hakykata has ýakynrak?

Stiw Liwin: Meniň pikirimçe, birinji madda, ýagny Türkmenistana haýbat atyp, ony gorkuzmak diýlen usul hakykata juda ýakyn. Eger ýadyňyzda bolsa, 1995-nji ýyllarda, “Transhazar” gazgeçirijisi baradaky proýekt ilkinji gezek Nyýazow tarapyndan orta atylanda, Orsýet haýbat atmak strategiýasyndan juda üstünlikli peýdalanypdy. Eger şol strategiýa täsirli bolsa, ony özgertmek nämä gerek?

Meniň pikirimçe, Moskwa haýbat atyp gorkuzmak sýyasatyndan ýene bir gezek peýdalanýar. Sebäbi ol iş ýüzünde öz netijesini berýär. Şeýle haýbatlaryň mundan beýlägem dowam etjekdigine garaşyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Eger siz Berdimuhamedow bolsaňyz, Moskowanyň atýan şol haýbatlaryna çynlakaý gararmydyňyz?

Stiw Liwin: Eger men Berdimuhamedow bolan bolsadym, “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy baradaky kontrakta golumy goýardym, men şol töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, gazgeçirijiniň gurluşyk işleriniň başlanmagyna buýruk bererdim.

Azatlyk Radiosy: Orsýet ullakan ýurt, harby güýji hem juda uly. Hazaryň kanuny statusy barada hem dürli soraglar bar, şeýle ýagdaýda bu proýekte gol goýmak howply bolmazmy?

Stiw Liwin: Men bu proýekt bilen bagly, onuň getirjek peýdasyna we zýyanyna doly göz aýlap, takyk netijä gelerdim. Onuň töwekgelçilikli tarapy barada gürrüň etdik, Orsýetiň Türkmenistany syýasy taýdan durnuksyzlaşdyrmaga, hatda Berdimuhamedowyň hökümetimi agdarmak boýunça käbir çärelere baş goşmaga synanyşmagy hem mümkin. Emma şol gazgeçiriji gurlan halatynda, onuň ýurda getirjek bähbidi juda uly.

Ozaly bilen ykdysadyýetden başlalyň, eger şol proýekt başa barsa, ol Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi bolan gazy ýewropa bazarlaryna akdyrmaga mümkinçilik döreder. Gaz Ýewropa akyp başlan halatynda ol diňe goşmaça ýangyjyň satyldygy däl, onuň ýurda getirjek başga peýdalary hem bolar. Meselem, Türkmenistan beýleki gaz müşderilerini, ýagny Hytaýy hem Orsýeti, has köp pul tölemäge mejbur edip biler. Şol turba gurlan halatynda, Türkmenistan özüni üzňelikden hem halas eder.

Şol gazgeçiriji gurlan halatynda, ol ykdysady bähbitler bilen bir hatarda geosyýasy taýdan hem Türkmenistanyň ähmiýetini artdyrar. Diýeli, şol turbanyň gurluşyk işi 18 aýda tamamlanjak bolsa, elbetde, bu uly töwekgelçilikli döwür bolar. Emma haçanda ol gurlup gutarylansoň, Türkmenistan halkara hem regional güýçleriň arasynda syýasy deňagramlylygyny goramak üçin beýleki uly bir uly güýç bilen ilteşigini artdyrmaga mümkinçilik tapar. Ol güýç hem Günbatardyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG