Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2003-e çenli ors raýatlygyny alanlar “kynçylyk çekmez”


Aşgabadyň Halkara aeroporty
Aşgabadyň Halkara aeroporty
Ýakynda adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanyň awiabiletleri satýan kassalarynyň gapdalynda täze bir bildirişiň peýda bolandygyny habar berdi. Bildirişde 2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, diňe täze görnüşdäki daşary ýurt pasportlary bolan raýatlara daşary ýurtlara biletleriň satyljakdygy aýdyldy.

Emma rus hem türkmen raýatlygy bolan käbir adamlara häkimiýetler daşary ýurt pasportynyň täze görnüşini bermekden ýüz öwürýärler. Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmenistanly graždan aktiwisti, orsýet-türkmen raýatlygy bolan Natalýa Şabuns bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Natalýa siz özüňize daşary ýurt pasportynyň täze görnüşiniň berilmeýändigini aýdypdyňyz...

Natalýa Şabuns: Hawa, gynansak-da, bu şeýle, maňa henizem daşary ýurt pasportynyň täze görnüşi berlenok. Türkmenistanda Orsýetiň pasportlary bilen bagly çem gelen waka gaty çalt belli bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz awiabiletleri satýan kassalarda 2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, diňe täze görnüşdäki daşary ýurt pasportlary bolan raýatlara daşary ýurtlara gitmäge biletleriň satyljakdygy baradaky bildirişi gördüňizmi?

Natalýa Şabuns: Ýok, men bu bildirişi görmedim, ýöne ygtybarly bir çeşmäniň maňa aýdyşyna görä, şol bildiriş daşary ýurt pasportlarynyň köne görnüşine degişlilikde ýazylypdyr. Ýagny, 2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ýurt pasportlarynyň köne görnüşiniň güýjüniň ýatyrylýandygy aýdylypdyr. Ýöne ýene-de men bu maglumat bilen gyzyklanamda, maňa şeýle bildirişleriň kassalardan eýýäm aýrylandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Bu bildirişiň ilki asylyp, soň aýrylmagyna näme sebäp bolup biler?

Natalýa Şabuns: Bu bildiriş bilen bagly waka köne pasportlaryň güýjüniň gaçýandygy barada resmi taýdan hiç hili kararyň ýokdugyna şaýatlyk edýär. Men özüm birnäçe gezek bu baradaky permany görkeziň diýip ýüzlendim. Maňa ony hiç kim görkezmedi. Men ýurirstlere hem ýüzlenip gördüm. Olar hem bu barada hiç hili kanunyň ýokdugyny aýtdylar. Diýmek, häkimiýetleriň köne daşary ýurt pasportlaryny kabul etmezlige kanuny esasy ýok. Belki, şonuň üçin bu bildirişler ýok edilendir.

Azatlyk Radiosy: Natalýa, siz özüňize Türkmenistanyň daşary ýurt pasportynyň täze görnüşini bermeklerini sorap, türkmen häkimiýetlerine birnäçe gezek ýüz tutandygyňyzy, ýone häkimiýetleriň pasporty bermekden ýüz öwürýänlikleri barada birnäçe açyk hat ýazdyňyz. Häzir ýagdaý nähili?

Natalýa Şabuns: Meniň bu mesele bilen bagly häkimiýetlere birnäçe gezek ýüz tutandygyma garamazdan, olardan bir gezek hem ýazmaça jogap almadym. Migrasiýa gullugyna ýolbaşçylyk edýän adamy birnäçe gezek çalyşdylar, emma meniň hatlaryma henize çenli ýazmaça jogap gelmedi. Meniň pikirimçe, häkimiýetlerde ýazmaça jogap bermäge kanuny esas ýok.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistan 2003-nji ýylyň aprel aýyndan başlap goşa raýatlygy ýatyrdy. Ýöne, kanuna görä, 2003-nji ýylyň aprel aýyna çenli Orsýetiň raýatlygyny alanlarda iki raýatlylyk saklanmaly.

Azatlyk Radiosy: Siz öň türkmen häkimiýetleriniň goşa raýatlygy bolan köp adama, rus raýatlygyny haçan alandygyna garamazdan, bir raýatlygy almak babatda basyş görkezýändigini aýdypdyňyz. Şol ýagdaý häzir özgerdimi?

Natalýa Şabuns: Hawa, ýakynda meniň bir tanşym Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherine baryp-gaýtdy. Biz bu mesele bilen bagly gürrüňdeş bolduk. Eger geçen ýylyň noýabr aýynda Orsýetden Türkmenistana gaýdyp geleninde, pasport barlanýan nokatda oňa “2012-nji ýylyň ahyryna çenli haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almaly bolarsyňyz” diýen bolsalar, bu ýyl gümrük gullugynyň işgärleri 2003-nji ýylyň aprel aýyna çenli Orsýet bilen goşa raýatlygy alan adamlaryň hiç hili kynçylygynyň bolmajakdygyny aýdypdyrlar.

Ol bu maglumaty barlamak maksady bilen Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna hem yüz tutandygyny gürrüň berdi. Migrasiýa gullugynda hem oňa goşa raýatlyk sebäpli hiç hili kynçylyklarynyň bolmajakdygyny tassyklapdyrlar. Meniň özüm hem ýakynda hiç hili problemasyz Orsýete baryp-gaýtdym.

2003-nji ýylyň aprel aýyna çenli goşa raýatlygy alan birnäçe adam bilen söhbetdeş boldum. Olar hem häzir şeýle kynçylyklarynyň ýokdugyny tassykladylar.
XS
SM
MD
LG