Sepleriň elýeterliligi

Ýemende “Al-Kaýdanyň” söweşijleri türmeden gaçdy


Ýemeniň Aden şäherindäki türmeden 16 tussag, şol sanda “Al-Kaýda” terror toparynyň söweşijileri bolanlykda gümän edilýän adamlar gaçdy.

Howpsuzlyk resmisiniň beren maglumatyna görä, tussaglar türmäniň diwarlarynyň aşagyndan ötük gazyp, gaçmagy başarypdyrlar. Olaryň häzirlikçe nirededigi näbelli.

Iýun aýynda Ýemeniň Mukalla şäherindäki türmeden hem “Al-Kaýda” toparynyň onlarça söweşijisi gaçmagy başarypdy.
XS
SM
MD
LG