Sepleriň elýeterliligi

Panamanyň ozalky diktatory ýurduna dolandy


Panamanyň ozalky diktatory Manuel Norýega 22 ýyldan soň ilkinji gezek ýurduna dolandy.

Norýega 1980-nji ýyllarda özüniň syýasy garşydaşlaryny öldürendigi üçin üç gezek 20 ýyldan türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Mundan öň Norýega Birleşen Ştatlarda neşe gaçakçylygy üçin we Fransiýada hapa pullary ýuwmakda aýyplanyp, türme tussaglygynda bolupdy.

Norýega 1989-njy ýylda, Amerikanyň ýurda girmeginden soň, häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG