Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň ozalky premýeri prezidentlige dalaş eder


Fransiýanyň ozalky premýer-ministri Dominik de Willepaň ýurtda 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etjekdigini mälim etdi.Willepaň ýurduň häzirki prezidenti Nikolýa Sarkoziniň garşydaşydyr.

Sarkoziniň özi nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna dalaş etjekdigini entek resmi taýdan yglan etmese-de, onuň kandidaturasynyň hödürlenmegine garaşylýar.

58 ýaşly Willepaň 2003-nji ýylda, Žak Şirak prezidentlik eden döwri, ýurduň daşary işler ministri wagty has köp belli bolupdy. Şol wagtlar Fransiýa Amerikanyň Yrakdaky urşuna garşy çykypdy.

Fransiýada prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyry geljek ýylyň aprelinde geçiriler.
XS
SM
MD
LG