Sepleriň elýeterliligi

Halkara jenaýat suduna täze prokuror saýlandy


Agza döwletler gambiýaly Fatu Bensudany Halkara jenaýat sudunyň baş prokurorlugyna saýladylar.

Ýeke-täk kandidat bolansoň, Bensuda bu wezipä ses berilmezden, Halkara jenaýat suduna gatnaşyjy 120 döwletiň assambleýasynyň BMG-däki ýygnagynda saýlandy.

Bensuda saýlawdan soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, şeýle diýdi: “Biz bilelikde jenaýatçylaryň jezadan gutulmagyna garşy göreşeris, biz dowam edýän aýylganç jenaýatlaryň öňüni almak üçin elimizde baryny ederis”.

Bensuda Halkara jenaýat sudunyň häzirki baş prokurory Luis Moreno-Okamponyň orunbasarydy.
XS
SM
MD
LG