Sepleriň elýeterliligi

Liwiýalylar Bengazide täze liderlere garşy protest bildirýär


Onlarça müň protestçi düýn Liwiýanyň gündogaryndaky Bengazi şäherinde ýygnanyp, Muammar Kaddafi çetleşdirilenden soň häkimiýete gelen ýolbaşçylardan närzalygyny bildirdi.

Habarlarda şäheriň merkezine ýygnanan protestçileriň 30 müň çemesi bolandygy aýdylýar. Olar Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň çalşyrylmagyny, Kaddafi bilen hyzmatdaşlyk eden adamlaryň ählisiniň hökümetden çetleşdirilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG