Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain ministri ogurlyk «Mersedesi» ulanmakda aýyplanýar


Ukrainanyň Adalat ministrligi bir deputatyň ýurduň adalat ministriniň Germaniýadan ogurlanyp, Ukraina bikanun getirilen «Mersedesi» ulanýandygy baradaky şikaýatyny derňeýändigini aýdýar.

Deputat Waleriý Konawalýuk adalat ministri Oleksandr Lawrinowiç döwlet tarapyndan suduň karary bilen konfiskasiýa edilen ulagda işe gatnadylýar diýýär.

Konawalýuk Lawrinowiçiň Interpol tarapyndan gözlenýän ulaglaryň sanawyna salnan maşyna synynyň oturandygyny we ony Adalat ministriligine alandygyny aýdýar.

Adalat ministrliginiň sözçüsi bu şikaýata seredilýändigini aýtdy, emma Interpoluň Ukrainadaky bölümi bu barada duşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG