Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji milliarderi ýurduň hökümetini suda berýär


Gürji milliarderi öz raýatlygyny yzyna alan hökümeti suda berýär we Gürjüstanyň prezidentini wezipeden çetleşdirmek üçin hereket döredýär.

Gürji raýatlygyndan başga rus we fransuz raýatlygyna hem eýe bolan Bidzina Iwanişwili prezident Saakaşwilini oppozisiýany güýç bilen basyp ýatyrmakda we barha artýan awtoritar syýasat ýöretmekde tankytlandan soň, gürji raýatlygyndan mahrum edildi.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside bir sud düýn Iwanişwiliniň işi boýunça sud seljerişligine başlady.

Iwanişwili ýekşenbe güni özüniň “Gürji arzuwy” hereketini yglan etdi. Ol bu hereketiň Saakaşwiliniň dolandyryşyna garşy çykjagyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG