Sepleriň elýeterliligi

Obama Waşingtonda Al-Maliki bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonda Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki bilen duşuşdy.

Al-Malikiniň iki günlük sapary Birleşen Ştatlaryň söweş goşunlarynyň ýylyň aýagyna Yrakdan çykmaga taýýarlanýan wagtyna gabat geldi.

Obama Al-Maliki bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda “Biziň Yrakda dokuz ýyla golaý dowam eden urşumyz şu aý soňlanýar” diýdi.

Ol Yragyň Birleşen Ştatlarda sabyr-kanagatly partnýory bar diýdi we, Eýrana kakdyryp, beýleki ýurtlaryň Yragyň işine “gatyşmaly” däldigini duýdurdy.

Al-Maliki Birleşen Ştatlara uly delegasiýanyň ýolbaşçylygynda geldi. Bu delegasiýa daşary işler ministri Hoşýar Zebari, iş başyndaky goranmak ministri Saadun al-Dulaými, şoň ýaly-da ýurduň transport we söwda ministrleri hem bar.
XS
SM
MD
LG