Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýada bäş müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar


BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Neýwi Pilleý Siriýadaky gozgalaňlarda bäş münden gowrak adamyň öldürilendigini aýtdy.

Pilleý birinji gün agşam, Howpsuzlyk geňeşiniň ýapyk geňeşinde bu ýurtdaky ýagdaý barada guralan diňlenişikde çykyş etdi. Ol azyndan 300 çaganyň öldürilendigini, müňlerçesiniň bolsa tussagdygyny aýtdy.

Pilleý geňeşi Siriýany adamzada garşy jenaýat ähtimallygy sebäpli Halkara jenaýat suduna geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG