Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milliarder sahawatçy täze jemgyýetçilik hereketini döredýär


Milliarder sahawatçy Bidzina Iwanişwili Tbiliside, 11-nji dekabr.
Milliarder sahawatçy Bidzina Iwanişwili Tbiliside, 11-nji dekabr.
Milliarder sahawatçy Bidzina Iwanişwili hepde ahyrynda özüniň “Gürji arzuwy” jemgyýetçilik hereketini döredendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň parlamente kontrollugy prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen Gürjüstan” hereketiniň elinden almak ugrundaky esasy göçümi bolup durýar.

“Gürji arzuwy” jemgyýetçilik hereketi milliarder sahawatçy Bidzina Iwanişwiliniň geljek ýylyň parlament saýlawlarynda köp goldaw almak ugrundaky tagallarynyň motory bolmak bilen, 11-nji dekabrda döredilen gününden haýdap işe başlady.

“Gürji arzuwynyň” administratory Marika Kariauli duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugyna bu hereketiň agzalarynyň sanynyň eýýäm 10 müňe ýetendigini aýtdy: "Biz düýn açylyşymyzy etdik we raýatlary resmi hasaba almaga başladyk. Düýnki ýygnanyşykda biz ýedi müňden gowrak doldurylan listowka topladyk. Biz entek anyk sany bilemzok, emma şu gün bize eýýäm bir müň çemesi adam goşulmaga geldi”.

11-nji dekabrda Tbiliside bolan dabaraly esaslandyryş ýyganyşygynda birnäçe müň goldawçysynyň öňünde çykyş eden Iwanişwili öz täze hereketini milli bitewiligi dikeltmek we Gürjüstanyň Günbatar bilen integrasiýasyny tizleşdirmek wadasy bilen başlady.

“Şu günden buýana biz dogruçyllygyň, mertebäniň we professionallygyň her bir raýatyň we şoň bilen bir hatarda tutuş ýurduň üstünliginiň esasyny goýýan döwletini gurmagy maksat edinýäris. Biz özümiziň abhaz we osetin ildeşlerimiziň ynamyny gazanmagy we Gürjüstanyň toprak bitewiligini dikeltmegi maksat edinýäris” diýip, Iwanişwili aýtdy we bu zatlary raýatlary iş bilen üpjün etmek, adamlaryň ýeterlik gazanç edip bilmegine şert döretmek, kanunçylygy we adalaty dikeldip, umydy we ynamdarlygy güýçlendirmek, Günbatar demokratiýasynyň gymmatlyklaryna esaslanmak bilen edip boljagyny nygtady. Şeýle-de ol ýurdy Ýewro-Atlantiki giňişlige integrirlemekde sözden işe geçmelidigini belledi.

Syýasy şahslar çykyş etmedi

Iwanişwili prezident Mihail Saakaşwiliniň hökümetine garşy duran syýasy-jemgyýetçilik toparlarynyň tagallalaryny birleşdirmek üçin öz hereketiniň tutuş ýurt boýunça regional bölümlerini döretmek barada derhal işe başlajagyny aýtdy.

Ýöne, belki-de Iwanişwiliniň syýasy gelmişekligi sebäpli, 11-nji dekabr üýşmeleňinde syýasy şahslaryň hiç biri çykyş etmedi. Muňa derek ol ýerde şahyr Rati Amoglebeli, adam hukuklary aktiwisti Manana Kobakidze, futbol ýyldyzy Kakha Kaladze ýaly medeni şahslar agdyklyk etdi. Bu ýygnanyşykda Iwanişwiliniň syýasy ýaran ýaly edip görkezen Azat Gürjüstan demokratlarynyň lideri Irakli Alasaniýa we Respublika partiýasynyň lideri Dawit Usupaşwili dagy hem boldy.

“Gürji arzuwy” ýaly jemgyýetçilik hereketini döretmek köplenç doly manysyndaky syýasy partiýany döretmek üçin goýlan kerpiç bolup hyzmat edýär. Emma muňa garamazdan, Iwanişwilä partiýa döretmek gadagan. Sebäbi hökümet ony baryp oktýabr aýynda, parlament saýlawlaryna gatnaşjagyny yglan eden badyna raýatlykdan mahrum etdi.

Tbiliside bir sud Iwanişwiliniň bu mesele boýunça şikaýatyna seretmäge başlady, ýöne suduň haçan we nähili höküm çykarjagy nämälimligine galýar.

Şu aralykda Saakaşwiliniň dolandyryjy Birleşen Milli Hereketi tanymal milliarderiň syýasy meýdana dyzamasynyň ähmiýetini peseltmäge synandy. Parlament deputaty Katuna Oçiauri Azatlyk Radiosyna “Gürji arzuwynyň” täze bir zat däldigini, 11-nji dekabrda bolan ýyganaşygyň “geçmişiň sesi bolandygyny, ol ýerde köne nomenkulaturanyň agzalarynyň, şu günki reallyklardan lapykeç bolan adamlaryň toplanandygyny, şeýle adamlaryň bir ýere üýşmeginiň gamgyn bir tomaşadygyny” aýtdy.

55 ýaşly Iwanişwili soňky on ýylda öz dogduk obasy Çorwilada öz biznez imperiýasy we ýaýbaň sahawatçylyk proýektleri bilen gümra bolup ýaşady. Analist Giýa Nodiýa onuň syýasy tejribesizliginiň parlamentde köp goldaw almak ugrundaky tagallalaryny sorag astyna salýan esasy kemçiligidigini aýdýar.

“Olaryň bar bolan toparlaryň arasynda iň güýçli garşydaş bolmak üçin hakyky mümkinçiligi bar. Emma muňa garamazdan, Bidzina Iwanişwili entek hökümete hakyky alternatiwa döredip, ony çalşyryp biljek syýasy lidere mahsus häsiýetlerini görkezip bilenok” diýip, Nodiýa aýtdy.
XS
SM
MD
LG