Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda gyş agyr geçýär


Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan şäherinde ençeme maşgalalar öýlerini ýyly saklamak we nahar taýýarlamak üçin adaty bolmadyk ýollara baş goşmaly bolýarlar.

Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan şäherinde ençeme maşgalalar öýlerini ýyly saklamak we nahar taýýarlamak üçin adaty bolmadyk ýollara baş goşmaly bolýarlar.

Ýangyç-energetika serişdeleriniň bahalarynyň artmagy gyşyň düşmegi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň aglabasynda ýagdaýy agyrlaşdyrdy. Ýaşaýjylar öýlerini ýylatmagyň başga ugur-ýollaryny gözläp başladylar. Ýöne “başga ugur” diýilmegi – arassa ýylylyk çeşmesini aňlatmaýar.


Ýangyç-energetika serişdeleriniň bahalarynyň birden ýokarlanmagy, elektrik energiýasyna goýulýan normalaryň çäkliligi we bu ýyl garyň ir düşmegi adamlaryň ýylylyk çeşmeleriniň başga ugur-ýollarynyň gözlegine çykmagyna ýeterlik sebäp boldy.

Ýylylygyň “alternatiw” çeşmesi

Ýöne Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde “başga ugur-ýol” diýilmeginiň özi, elmydama arassa ýangyjy ýa-da daş-töwerege zyýansyz ýylylyk çeşmesi diýmegi aňlatmaýar.

Özbegistanyň Kaşkaderýa welaýatynyň ýaşaýjysy Eşmurod aga şeýle gürrüň berýär: “Kömri satyn almaga diňe baý adamlaryň gurby çatýar. Biz häzir ýangyç hökmünde diňe tezegi ulanýarys”.

Özbegistanyň gündogaryndaky Andijan şäheriniň ýaşaýjysy Sadrokhun Sopyýew gyş günleri ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary sebäpli, öýüniň içinde ýylylygy saklamak we nahar taýýarlamak üçin adaty bolmadyk ýollara baş goşmaly bolýandygyny aýdýar.

Öý ýyladyş ýa nahar bişiriş şertleri üçin, tezek ýakmak asyrlardan bäri ulanylyp gelinýän usul bolsa-da, bu soňky döwürlerde ulanyşdan galypdy. Ýöne häzirki şertlerde indi ýene-de mal-garanyň tezeginiň peýdalanylýandygyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar.

Sopyýew tezegi ýakmagyň iň bir ýakymsyz taraplarynyň birini, ýagny onuň tüsse yssyny aýyrmagyň ýoluny tapandygyny öwünjeňlik bilen gürrüň berýär. Ol, hususan-da, şeýle diýýär: “Men tezegi kömrüň küli bilen garjaşdyrýaryn. Kömrüň küli juda arzan. Ony tezek bilen garanyňda, juda gowy ýanýar, şeýle-de hiç bir ysy bolmadyk ýangyç serişdesi emele gelýär”.

Gyşyň ýowuzlygy

Bu gyşyň juda uzak boljagy häzirden belli. Merkezi Aziýanyň köp sebitlerinde gar adatdakysyndan has ir düşdi. Noýabryň başlarynda, gar ýagmazyndan öňinçä, Özbegistanyň we Täjigistanyň köp sebitlerinde elektrik energiýasyny normalaşdyrmak düzgüni-de ýola goýuldy.

Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäheriniň ýaşaýjysy Ahmad Ibrohimowyň sözlerine görä, bu gyş özi bilen birlikde bir topar kynçylyklar toplumyny hem getiripdir: “Bu ýyl ýagdaý has ýaramaz. Üç sany odunyň bahasy 1,5 dollar töweregi. Bu hem diňe çäýnegiňi gaýnatmaga ýetýär. Solýarkanyň bir litriniň bahasy 1,6 dollara deň. Muny öýde ýylylyk we nahar bişirmek üçin ulanjak bolsaň, gaty gymmada düşýär. Şol sebäpli biz solýarka peçlerden el çekmeli bolduk”.

Özbegistanda döwletiň başda durmagynda ýörite programma ýola goýuldy. Şoňa laýyjklykda, 40 dollara bir tonna kömri satyn alyp bolýar. Bir tonna kömür bäş adamlyk maşgalanyň gyşy geçirmegine ýeterlik bolýar. Ýöne kömrüň üpjünçiligi kesildi. Netijede kömrüň her tonnasynyň bahasy 300 dollara çenli galdy. Bu-da bir adamyň bir aýlyk hakyna golaý pul.

Andijan şäheriniň ýaşaýjysy Sadrokhun Sopyýewiň bellemegine görä, kyn şertler ugurtapyjylyk bilen hereket etmäge mejbur edýär. Ol indi öýdäki aýal maşgalalaryň hem elektrik hünärmenleri derjesine ýetendigini aýdýar. Sopyýew aýallaryň ýoluň ugrundaky elektrik kabellerinden öz öýlerine gönümel sim çekip, elektrik togundan mugt peýdalanmagy öwrenendiklerini gürrüň berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG