Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramaz


Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasy soňky ýyllarda Özbegistanda geçirilen reformalara garamazdan, bu ýurtda adam hukuklary meselesinde gaty köp kynçylyklaryň bardygyny aýdýar. Bu barada HRW guramasynyň ýaýradan hasabatynda bellenilýär.

Hasabata laýyklykda, özbek türmelerinde adam gynamalary dowam edýar, hukuk goraýjy aktiwistleriň köpüsi tussaglykda saklanýar, Özbegistanda işleýän aklawçylara häkimiýetler tarapyndan basyş görkezilýär.

HRW guramasynyň bu hasabatynyň 2009-2011-nji ýyllar aralygynda 100-e golaý adam bilen geçirilen interwýularyň esasynda düzülendigi habar berilýär.

Hasabatda günbatar ýurtlarynyň Özbegistandaky adam hukuklary bilen bagly mesele boýunça öz pozisiýalaryny gowşadanlyklaryna hem üns çekilýär. Muňa Owganystandaky ýaranlyk güýçlerine niýetlenen ýüki Özbegistanyň üsti bilen geçirmek zerurlygynyň ýüze çykmagynyň sebäp bolan bolmagy mümkin diýlip, HRW-niň hasabatynda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG