Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors parlamentiniň täze düzümi işläp başlar


Orsýetde parlament saýlawlarynda galplyklara ýol berlendigi bilen bagly protestleriň dowam edýändigine garamazdan, parlamentiň täze düzüminiň ilkinji maslahatynyň geçiriljek güni kesgitlendi.

13-nji dekabrda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, saýlawlarda ýeterlik ses alyp, ýurduň Döwlet Dumasyna geçen partiýalaryň liderleri bilen geçiren maslahatynda Dumanyň aşaky palatasynyň altynjy çagyryşynyň ilkinji maslahatynyň 21-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim etdi. Ol bu baradaky karara gol çekdi.

Prezident Medwedew 22-nji dekabrda özüniň federal ýygnakda çykyş etjekdigini hem mälim etdi.

Parlament saýlawlarynda bolan bikanunçylyklar bilen bagly edilen şikaýatlaryň hemmesiniň derňeljekdigini aýdyp, Dmitriý Medwedew bu bikanunçylyklar bilen bagly “adalatly kararlaryň kabul ediljekdigini” nygtady.
XS
SM
MD
LG