Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gigantomaniýa – anomal (nädogry) höwesiň önümi


Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ellerini gerip, Güni garşylaýan altyn heýkeli
Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ellerini gerip, Güni garşylaýan altyn heýkeli
Ýerli synçylaryň ençemesiniň pikiriçe, Türkmenistanda medeniýetiň has iri, milletiň gözüne kynçylyksyz iläýjek ugurlaryna köp üns berilýär. Beýik desgalaryň käbirini ýykyp, ýaňadan öňküsindenem belendräk edip gurýarlar.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ellerini gerip, Güni garşylaýan altyn heýkeli Türkmenistanyň, şol sanda Gündogarda diktatura usulynda dolandyrylýan bir ýurduň şekili hökmünde Günbataryň dürli syýahat kompaniýalarynyň reklama nyşanyna öwrülipdi.

Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly ýazyjy Hudaýberdi Hally Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmet bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

H. Hally: Nurmämmet, sen 90-njy ýyllaryň başynda heýkel-çeperçilik kärhanasyna ýolbaşçylyk etdiň. Heýkeltaraşlar hem hudožnikler bilen ýakyn aragatnaşykda bolduň. Şonuň üçin häzirki döredilýän ägirt uly medeni desgalar barada käbir soraglary bermek isleýän. Eýse, çakdanaşa uly, beýik ýa-da gözilginç edip gurulýan desgalara gigantomaniýa diýip bolarmy?

N. Nurmämmet: Sözlüklerde düşündirilişine görä, gigantomaniýa aslynada grek dilindäki iki sözüň goşulmagyndan emele gelipdir. Grekler adaty bolmalysyndan uly, mähnet zatlara gigant diýseler, psihikanyň bozulmagy bilen adamyň haýsam bolsa bir zada paýhassyzlyk derejedäki höwesine maniýa diýipdirler. Gigantomaniýa adam hem jemgyýetçilik döredijiliginiň hemme ugurlarynda barmyka diýýän.

H. Hally: Elbetde, ol bar hem dowam edýär. Ýöne onuň atlandyrylyşy birneme başgaçarak, oňa monumentalizm ýa-da monumentallyk diýilýär. Eger biz şu ýakyn taryha seretsek, XIX asyrda ýaşap geçen fransuz kompozitory Gektor Berliozyň eserleri örän uludyr. Ony ýerine ýetirmek üçin, tutuş zaly sazandadyr aýdymçydan doldurmak gerek. XX asyrda döredilen işlerden çeh hudožnigi Alfons Muhanyň “Slowýan epopeýasy” diýen kartinasy-da örän uly. Ony doly görkezer ýaly ýörite sergi zaly hem ýok. Ýöne bizde näme üçindir, arhitektura hem skulptura aýratyn köp üns berilýär.

N. Nurmämmet: Arhitektura bilen skulptura eserlerinde gigantomaniýa has gözilginç bolýar. Sebäbi ol materiallaşan görnüşde adamlaryň dykgatyna açykdan açyk hödürlenýär. Adamlar bu zadyň ägirtdigini görýärler. Aslynda gigantomaniýa adamyň tebigaty bilen baglanyşykly. Gigantizm diýlip, adamyň ýa haýwanyň özüne laýyk kadaly çäkden tutuşlaýyn ýa-da bölekleýin ösmegine aýdylýar. Gigantomaniýa zerurlygyň däl-de, anomal höwesiň önümi. Diýmek, gigantomaniýanyň ykdysadyýete terslikden başga gatnaşygy bolmaly däl.

H. Hally: Eger ykdysadyýete ters gelse, näme üçin beýle ürç edilip mähnet zatlar gurulýar?

N. Nurmämmet: Sebäbi şeýle obýektlere isleg bar. Şeýle obýektleriň gurulmagyna pul eçilýän sargytçylaram bar.

H. Hally: Şol islegi nähili zerurlyk bilen düşündirip bolar? Olary sargaýanlar kimler?

N. Nurmämmet: Ony propagandanyň zeruryýeti hem talaby bilen düşündirip bolar. Mälim bolşy ýaly, totalitar hem diktator režimli döwletler öz alyp barýan syýasy, ykdysady, medeni-sosial ugurlarynyň ýeke-täk dogry ýoldugyny subut etmek hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugurlaryny öz gözegçiliginde saklamak üçin, propagandanyň başaryp biläýjek ähli mümkinçiliklerini, şunlukda gigantomaniýany hem ulanýarlar. Olar gigantomaniýanyň sargytçylary. Şu ugurda serişde-de gysganmaýarlar.

H. Hally: Eýse, döredilýän gigant işlere başgalaryň, dünýä jemgyýetçiliginiň garaýşy nähili?

N. Nurmämmet: Ginnesiň rekordlar kitabynda Türkmenistanda gigantomaniýanyň materiallaşdyrylan görnüşleri boýunça bäş rekordyň girendigini bellemeli. Gigantomaniýanyň beýleki görnüşleri, meselem, ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň sany, ýykylýan hususy jaýlaryň sany we şuňa meňzeş hadysalaryň sany boýunça-da Türkmenistanyň Ginnesiň kitabyna düşmek mümkinçilikleri barmyka diýýän.

H. Hally: Ginnesiň rekordlar kitabyna girmekden maksat näme? Ol kitaba dünýädäki iň dyrnagy uzyn ýa murty uzyn adamlaram girýärler ahyryn. Ol kitaba bir oturanda köp nahar iýip, adyny girizýänem bar. Indi Türkmenistan olardan näme bilen tapawutlanýar?

N. Nurmämmet: Ginnesiň rekordlar kitaby barada aýtsak, onuň gymmatyny ölçemäge çakym ýok. Ýöne şol kitap bütin dünýäde okalýar. Ondaky maglumatlar ulanylýar. Diýmek, ol adamzadyň şu günki zeruryýetine öwrülipdir. Onuňam ýaşamaga haky bar. Oňa döwlet tarapyndan edilýän gatnaşyk barada aýtsak, Soýuz döwründe Ginnesiň kitaby barada metbugatda äsgermezçilik bilen buržuaz durmuşyny häsiýetlendirýän bolgusyzlyk hökmünde seredilýärdi. Indi Türkmenistan garaşsyz döwlet. Onuň öz ideologiýasyna mahsus propagandasy bar. Propaganda üçin şol kitabyň mümkinçilikleri-de ulanylýar. Gep, ony nä maksat bilen hem nähili ulanmakda. Ony ýerlikli ulanybam bolar, dannawsyzam.

H. Hally: Ýeri gelende aýtsak, dünýäni haýran galdyran müsür piramidalaryny ýa-da Beýik hytaý diwaryny gigantomaniýa hasaplap bolarmy?

N. Nurmämmet: Taryhy maglumatlara görä, Beýik hytaý diwary haýsam bolsa bir imperatoryň ýa-da onuň ýolbaşçylygyndaky režimiň tarapyndan özlerini mahabatlandyrmak üçin däl-de, duşmanlardan ýurdy goramak üçin gurlupdyr. Şonuň üçin Beýik hytaý diwarynyň ululygy goranmak zerurlygy bilen kesgitlenipdir. Onsoň Beýik hytaý diwaryny gigantomaniýanyň önümi hasaplamak ýalňyş bolarmyka diýýän. Ine, müsür piramidalaryna men şeýle baha bermekden saklanardym. Sebäbi gul zähmeti mugt bolaýanda-da, faraonlara öz häkimiýetiniň ähmiýetini galdyrmak, ony goramak, soňundanam jaýlamak üçin, kiçeňräk desga bilenem oňaýmak bolardy ahyryn!

H. Hally: Görşümiz ýaly olar oňmandyrlar. Şeýle ägirt uly ahramlary – piramidalary gurupdyrlar. Indi ol syýahatçylary özüne çekýän täsinlik. Eýse, bizdäki gurulýan ýyldyzlar, altyn çaýylan heýkeller halk baýlygyna öwrülip bilmezmi?

N. Nurmämmet: Dogrudanam, ägirt çykdajylar hem pidalar bilen gurlan müsür piramidalary faraonlaryň hem olaryň maşgala agzalarynyň mumyýalanan jesetleri, olaryň altyndan ýasalan şekilleri indi diňe müsürlileriň däl, eýse bütin adamzadyň taryhy ýadygärlikleri hem medeni gymmatlyklary hasaplanýar. Şu ýylyň ýazyndan bäri Müsürde dowam edýän tolgunyşyklarda, ýurduň harby güýçleri prezidenti gorap bilmeseler-de, şol ýadygärlikleri, Milli muzeýi, maddy hem medeni gymmatlyklary öwezi dolup bolmajak gymmatlyklar hökmünde, bolup bilýäjek talaňçylyklardan goradylar.

Şeýle ýadaýy wagtyň geçmegi, döwrüň üýtgemegi bilen gigantomaniýa maksady bilen döredilen käbir sungat eserleridir binalara bolan garaýyşlarda metamorfozany ýatladýan öwrülişikleriň bolýandygy bilen düşündirip bolar. Adamzadyň käbir döreden zatlary wagtyň geçmegi bilen ýok bolup gitmän, döredilen döwrüniň taryhy ýazgylaryna öwrülýär. Meniň pikirimçe, bizdäki işler dörän gününden totalitarizmiň ýyl ýazgylary hökmünde taryhymyza girýärler. Halkyň olaryň haýsyny özüniň buýsanjy, baýlygy saýjagyny, haýsy üçinem utanjagyny geljek görkezmeli. Ýöne häzirem olary köpleriň dereje ýa-da baýlyk hökmünde kabul edip bilmeýändigini aýtsa bolar. Emma olaryň hiç biri-de geljekde ýoklanmaly däl diýip, hasap edýän.
XS
SM
MD
LG