Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan bilen Birleşen Ştatlar şertnama gol çekdi


Birleşen Ştatlaryň Täjigistandaky ilçisi Ken Gros we Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrohon Zarifi düýn radioaktiw materiallaryň bikanun söwdasyna garşy göreş boýunça bir şertnama gol çekdi.

Gol çekişlik bilen bagly ýaýradylan beýanatda bu ylalaşyk Täjigistanyň radioaktiw materiallaryň ýurtdan bikanun çykarylmagynyň öňüni almak ukybyny güýçlendirmäge gönükdirilen diýilýär.

Sowet döwründe Täjigistanyň demirgazygynda uran magdanlary işleýärdi. Ol magdanlar resmi taýdan ýapylan, ýöne olaryň bikanun ulanylmagyndan alada edilýär.
XS
SM
MD
LG