Sepleriň elýeterliligi

Pakistan polisiýasy zynjyrlanyp saklanýan talyplary halas etdi


Pakistan polisiýasy ýurduň günortasynda bir medresäniň ýerzemininde zynjyrlanyp saklanýan onlarça talyby halas etdi.

Polisiýa duşanbe güni Karaçiniň golaýynda ýerleşýän bir medresä geçirilen reýdde 45 çemesi talybyň üstünden bardy.

Karaçi polisiýasynyň başlygy Malak Altaf žurnalistlere halas edilenleriň arasynda çagalaryň hem bolandygyny aýtdy.

Medresäniň ruhanylarynyň biri ele salnypdyr, emma beýlekileri gaçyp gutulmagy başarypdyr.

Medrese resmileri zynjyrlanan talyplaryň neşekeşdigini we olary neşeden saplap, gowy musulman etmäge synanandyklaryny aýdypdyrlar.

Halas edilen talyplaryň käbiri özleriniň gynalyp, jyhatçy söweşiji ediljek bolnandygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG