Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Panetta Kabula sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta düýn Kabula geldi.

Panetta Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we goranmak ministri Abdul Rahym Wardak bilen gepleşik geçirmeli.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň baştutanlygyndaky halkara güýçleriniň komandirleri bilen duşuşar.

Bu Panettanyň iýul aýynda goranmak sekretary bolaly bäri Owganystana edýän ikinji saparydyr.

Birleşen Ştatlar şu ýylyň aýagyna çenli bu ýurtdaky 100 müň esgeriniň on müňüsini çykarjagyny yglan etdi.

2012-nji ýylyň sentýabrynyň aýagyna çenli bolsa, Owganystandan ýene 23 müň esger çykarylar.
XS
SM
MD
LG