Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Günbataryň Siriýa babatdaky pozisiýasy "ahlaksyz"


Orsýetiň daşary işler ministri Moskwanyň Siriýa garşy sanksiýalary goldamaga çagyrylmagyny tankyt etdi.

Sergeý Lawrow ultimatumlaryň bu krizisi soňlamaga kömek etmejegini aýtdy. Ol Günbatar prezident Başar al-Asadyň hökümetine basyşy güýçlendirmek we şol bir wagtda-da jeňçileriň zorlukly hereketlerine göz ýummak bilen, Siriýa babatda “ahlaksyz” pozisiýa eýeleýär diýdi.

Şeýle-de Lawrow Moskwanyň Siriýa Arap ligasynyň synçylaryny mümkin boldugyça çalt kabul etmegi maslahat berendigini aýtdy.

BMG-niň hukuk başlygy Neýwi Pilleý duşenbe güni Siriýanyň dokuz aýlyk konfliktinde bäş müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG