Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň tarapdarlary polisiýa bilen çaknyşdy


Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary düýn ýurduň şikaýat sudunuň öňünde polisiýa bilen çaknyşdy.

Sudda Timoşenkonyň ýedi ýyllyk türme tussaglygyna garşy şikaýaty diňlenýärdi.

Timoşenkonyň ýüzlerçe tarapdary Kiýewiň şikaýat sudunyň işigindäki polisiýa gabawyny böwsüp, sud zalyna girmäge synandy.

Timoşenkonyň özi sud seljerişligine gatnaşmaýardy.
XS
SM
MD
LG