Sepleriň elýeterliligi

Belgiýada edilen hüjümde 4 adam ölüp, 75-si ýaralandy


Belgiýa resmileri düýn granatlar we ok atýan ýaraglar bilen ýaraglananan erkegiň Liž şäheriniň merkezi meýdançasyndaky adamlara hüjüm edip, özi bilen bile dört adamy öldürendigini aýdýarlar.

Hüjüm netijesinde 75 çemesi adamyň ýaralanandygy habar berilýär. Ýöne hüjümiň sebäpleri belli däl.

Resmiler hüjümçiniň Norodine Amrani atly ližli ýaşaýjydygyny, onuň 33 ýaşyndadygyny kesgitlediler.

Amrani 2008-nji ýylda jenaýatçy toparyň agzasy bolup, bikanun ýarag saklamakda günäli tapylypdyr.

Liž şäheriniň prokurory Daniýelle Reýnders Amraniniň özüni öldürendigi ýa tötänlikde ölendigi belli däl diýdi. Ol onuň polisiýanyň elinden ölmändigini aýtdy.

Reýnders Amraniniň şol gün sorag etmek üçin polisiýa çagyrylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG