Sepleriň elýeterliligi

HRW: Özbegistan adam hukuklaryny basgylaýar


Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy Özbegistanyň soňky ýyllarda käbir reformalary edendigini, ýöne öz raýatlaryny esasy kanun hukuklary bilen üpjün edip bilmändigini aýdýar.

HRW düýn çap eden täze hasabatynda Özbegistanda adam gynamagyň giň ýaýrandygyny, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň türmelerde ysgyndan salynýandygyny, aklawçylaryň bolsa dymdyrylýandygyny aýdýar.

Bu hasabat Özbegistanda 2009-2011-nji ýyllar aralygynda 100-den gowrak adam bilen geçirilen söhbetdeşlik esasynda taýýarlanypdyr.

HRW-niň Daşkentdäki edarasynyň öňki direktory Stiw Swerdlow Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda hökümet adam gynamalary we beýleki hukuk bozmalar hakynda gürlän raýatlaryny nähili jezalandyrýan hem bolsa, özi bilen duşuşan özbek raýatlarynyň gürlemek isleýändigini, adalata ýetmek üçin öz başdan geçirenlerini aýtmaga çalyşýandyklaryny, sebäbi adalatyň adamy mertebeli edýändigini, mertebäniň bolsa adam hukuklarynyň esasydygyny aýtdy.

Adam hukuklarynyň basgylanmagynyň we repressiýanyň şeýle giň ýaýrandygyna garamazdan, Birleşen Ştatlar, ÝB, aýratyn alnan ýewropa hökümetleri soňky ýyllarda, Özbegistanyň goňşy Owganystandaky NATO esgerlerine ýük daşamakdaky strategiki ähmiýeti sebäpli, Daşkent babatda adam hukuklary pozisiýalaryny üzül-kesil gowşatdylar diýip, HRW aýdýar.
XS
SM
MD
LG