Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda prezidentlige kandidat hödürlemek başlanýar


Türkmenistanda sişenbe güni, öňde durýan prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde, Saýlawlar we sala salyşlyklar boýunça merkezi komissiýanyň nobatdaky maslahaty boldy.

TDH bu maslahatda prezidentlige kandidatlary görkezmegiň 14-nji dekabrda başlanýandygynyň yglan edilendigini ýazýar.

Türkmenistanyň nobatdaky prezident saýlawlary, mejlisiň karary boýunça, geljek ýylyň 12-nji feralynda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG