Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada “Altyn naryň topragy” köpçülige hödürlendi


Tanyşdyrylyş dabarasyna türkmen we ors döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, ýazyjylar, edebiýaty öwrenijiler, milli diasporanyň wekilleri we Orsýetde okaýan türkmen studentleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna türkmen we ors döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, ýazyjylar, edebiýaty öwrenijiler, milli diasporanyň wekilleri we Orsýetde okaýan türkmen studentleri gatnaşdylar.

Moskwada 12-nji dekabrda “Altyn naryň topragy” atly almanah resmi derejede köpçülige hödürlendi. Şu ýyl çapdan çykan bu edebi-çeperçilik neşir ors ýazyjylarynyň döredijiliginde Türkmenstanyň tutýan ornuna bagyşlandy.


Moskwada neşir edilen we “Russkiý Mir” fondunyň, “Mužestwo i Gumanizm atly” halkara bileleşiginiň we “Ors-Türkmen öýüniň” guramaçylygynda çapdan çykan “Altyn naryň topragy” almanahy 12-nji dekabrda resmi derejede köpçülige hödürlendi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna türkmen we ors döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, ýazyjylar, edebiýaty öwrenijiler, milli diasporanyň wekilleri we Orsýetde okaýan türkmen studentleri gatnaşdylar.

Bu edebi-çeperçilik neşir Türkmenistan barada ors we sowet ýazyjylarynyň edebi eserlerini öz içine alýar, şol sanda Anna Ahmatowanyň, Arseniý Tarkowskiniň, Konstantin Lipskerowyň goşgulary, Andreý Platonowyň we Wladimir Koziniň hekaýalary onuň düzümine girýär. Almanahda hudožnik Wladimir Artykowyň eserleri hem bar.

Almanah barada prezentasiýa-tanyşdyryş çäresinde neşire girizilen käbir goşgulardan setirler okaldy. Almanaha girizilen eserleriň awtorlarynyň biri, ors yazyjysy Mihail Sinelnikow Georgiý Şengeliniň, Adelina Adalisiň goşgulary bilen çykyş etdi, şeýle-de Nikolaý Tihonowyň “Aý Dere jülgesi” atly goşgusyndan setirleri okady.

Türkmenistan temasy ors edebiýatynda

Almanahy çap etmek we ony köpçülige ýetirmek işiniň guramaçylarynyň sözlerine görä, bu edebi-çeperçilik neşiri çap etmek bilen ors ýazyjylarynyň onlarça ýyllaryň dowamynda Türkmenistana bagyşlap ýazan we ýurduň tebigatyny, gaýratly halkyny wasp eden eserlerine ünsi çekmek göz öňünde tutuldy.

Guramaçylaryň biri “Ors-Türkmen öýüniň” ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinowyň sözlerine görä, bu neşir “Gysga wagtyň dowamynda düzüldi we bir ýarym aýda çap edildi”.

Guramaçylar munuň özüniň Türkmenistan temasynyň ors edebiýatynda tutýan ornunyň möçberini görkezýänligini we ýazyjylaryň onlarça ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesidigini bellediler. Edebiýaty öwreniji we tankytçy Andreý Turkow bolsa almanahy “ors ýazyjylarynyň Türkmenistana bolan söýgüsiniň netijesi” diýip atlandyrdy we munuň ähmiýetini nygtady.

Almanahyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda postsowet giňişligindäki medeni gatnaşyklara syýasatyň ýetirýän täsiri barada hem diskussiýa edildi. Sowet döwründe ýurtlaryň bütewi bir döwletiň düzüminde bolmagynyň medeniýetleriň özara täsirine amatly şertleri we käte mejbury ýagdaýy döredenligi bellendi. Postsowet döwründe bolsa ýurtlaryň medeni gatnaşyklarynyň gowşanlygy, medeniýete, edebiýata döwlet derejesinde ýeterlik ähmiýetiň berilmeýänligi barada gürrüň edildi.

Syýasat bilen medeniýetiň özara täsiri

Orsýetiň Türkmenistandaky öňki ilçisi Anatoliý Şelkunow şu günler esasy ünsüň Ýewraziýa giňişligindäki geosyýasy we ykdysady gatnaşyklara gönükdirilýänligini bellemek bilen, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekdi. Onuň pikiriçe, medeni gatnaşyklar ýurtlaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna hem gowy täsir ýetirýär.

Şelkunowyň pikirine görä, almanahyň düzümine girýän eserler türkmen medeniýetiniň ors medeniýetine ýetiren tasirini hem görkezýär. Ozalky diplomat medeniýetler arasyndaky dialogyň beýik eserleri döredýänligini we medeniýetleriň utgaşmagynda diňe dostluga we birek-birege düşünişmeklige ýol açýanlygyny belledi.

Moskwada geçirilen bu medeni çärede häzirki döwürde Garaşsyz döwletlerde halkara medeni gatnaşyklaryna we döredijilige bolan gyzyklanmalaryň güýçlenip başlanlygy hem bellendi.

Guramaçylar häzirki neşiriň “Altyn naryň topragy” atly almanahyň diňe birinji bölümidigini aýtdylar we häzir onuň ikinji böleginiň üstünde işlenilýänligini aýan etdiler. Habar berlişine görä, geljekde Türkmenistanyň klassyky poeziýasy, oçerk medeniýeti, ýatlamalar, türkmen edebiýatynyň terjime kynçylyklary we häzirki döwürde çap bolýan edebi eserler bilen bagly temalaryň gozgalmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG