Sepleriň elýeterliligi

Watanym galdy
















Ak Welsapar

Gök asmanyň astynda,
Eziz Watanym galdy.
Ata-baba üstünde
Mekan tutanym galdy.

Gün nuruna eýlenen,
Goýnunda toý toýlanan,
Arka-arka aýlanan,
Bile bitenim galdy.

At münüp, keman atan,
Atamdan miras ýeten,
Soradygym sen Watan,
Ykbal gatanym galdy.

Hakdan maňa ýeten paý,
Gyzgyn çöli göwne jaý,
Gözelleri görke baý,
Söýüp ýetenim galdy.

Biziň illeň daglary,
Kölegeli baglary,
Boz ýigitlik çaglary,
Awum atanym galdy.

Şahyr diýer jan heläk,
Hakdan rowaçlyk diläp,
Dogduk ilim arzylap,
Ýanyp ötenim galdy!

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG