Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow Moskwa sapar eder


23-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapar bilen Moskwa barar.

Resmi maglumata görä, bu sapar Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Saparyň dowamynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdasady ugurlaryna, bilim-medeniýet hyzmatdaşlygyna, şeýle-de halkara we regional meseleleriň ençemesine serediljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG