Sepleriň elýeterliligi

Palestina Ysraýyla garşy çäre görmäge çagyrýar


Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ysraýyla garşy çäre görmäge çagyrdy.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş edarasynyň binasynda žurnalistlere beren interwýusynda Riýad Mansur Howpsuzlyk Geňeşiniň deslapky başlygy, Orsýetiň ilçisi Witaliý Çurkin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy.

Mansur Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalary, şol sanda Amerika we Portugaliýa bilen hem gepleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Mansuryň sözüne görä, Ysraýylyň okkupirlenen Iordan derýasynyň günbatar kenarynda we Ieurasalimiň gündogarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyna garşy çäre görülmeli.
XS
SM
MD
LG