Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň prezidenti Zardari keselhanadan çykar


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň keselhanadan penşenbe güni çykmagyna garaşylýar. Ol Dubaýda saglygyny bejerdýär.

Prezident edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, doktorlaryň amala aşyran ähli barlaglary Zardariniň ýagdaýynyň “kadalydygyny” görkezipdir, şeýle-de Zardari keselhanadan çykansoň, öý şertlerinde “dynç almagyny” dowam etdirer.

Zardariniň metbugat wekili Farhatulla Babaryň maglumatyna görä, Pakistanyň prezidenti keselhanadan çykansoň, özüniň Dubaýdaky öýünde galar. Ol Zardariniň haçan Pakistana dolanjakdygy barada hiç zat aýtmady.

56 ýaşly Zardari geçen hepde Dubaýda keselhana ýerleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG