Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gullukdan gaçan iki esger ele salyndy


Gullukdan gaçan iki esger Aşgabadyň eteginde, Gökjede sişenbe güni ele salyndy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Adynyň agzalmagyny islemedik polisiýa işgärine salgylanylyp, habar berilmegine görä, esgerler harby bölümden 12-nji dekabrda gaçypdyrlar. Olaryň ýanynda ýaragyň hem bolandygy aýdylýar.

Duşenbe güni howpsuzlyk işgärleri aýaga galdyrylandan soň, Aşgabadyň girelgesindäki barlag-gözegçilik nokatlarynda ýolagçylaryň we sürüjileriň ulaglardan düşürilip, barlanandygy aýdylýar.

Esgerleriň näme sebäpli gullukdan gaçandyklary barada anyk maglumat ýok.

Esgerleriň gullukdan gaçmagy, öldürilmegi ýa-da öz janyna kast etmegi ýaly wakalar mundan öň hem bolupdy. Diýdimzorluk türkmen goşunyndaky agyr problemalaryň biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG