Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Eýran neşe jenaýatçylaryny jezalandyrmasyny güýçlendirýär


Halkara Günä geçiş guramasynyň täze hasabatynda şu ýyl Eýranda neşe bilen bagly jenaýat sebäpli azyndan 488 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigi aýdylýar.

Bu görkeziji, hukuk toparynyň aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda jezalandyrylan neşe jenaýatçylary diýilýänlerden üç essä golaý köp adamyň jezalandyrylandygyny görkezýär.

Günä geçiş guramasynyň söhbetdeş bolan «resmi we resmi däl çeşmeleri» Eýranda şu ýyl noýabryň aýagyna çenli 600 çemesi adamyň jezalandyrlandygy hasaba alyndy diýipdirler.

Hasabatda Eýrandaky neşe jenaýatlary diýilýänleriň 2010-njy ýylyň aýagyndan bäri üzül-kesil köpelendigi we bu ugurdaky jezalandyrmalaryň adalatly sud prosesine esaslanyp-esaslanmaýandygy barada çynlakaý aladalaryň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG