Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda 55 adam zäherli likýoryň pidasy boldy


Hindi resmileri öýde ýasalan zäherli likýory içen adamlaryň azyndan 55-siniň ýogalandygyny, pidalaryň sanynyň ýene artmagynyň ahmaldygyny, sebäbi şol likýordan içen 100-den gowrak adamyň hassahana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Likýordan ýogalanlaryň habary Günbatar Bengal ştatyndan ýaýradyldy. Likýor pidalarynyň aglabasy garyp-pukara adamlar. Polisiýa olaryň sişenbe güni giçlik bikanun ýasalan likýor içendiklerini we düýn irden ölendiklerini aýtdy.

Şeýle-de polisiýa, oba adamlarynyň içgi dükanlaryna garşy protestlerinden soň, bikanun alkogol içgisi ýasaýar diýilýän dört adamy tussag etdi.

2009-njy ýylda Gujratda zäherli arak içen adamlaryň 122-si ýogalypdy. Hindistanda adamlaryň arzan arakdan heläk bolmagy giň ýaýran.
XS
SM
MD
LG