Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panetta: Owgan howpsuzlygy oňyn ugurdan barýar


Birleşent Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta, «Talybana» tarapdar ýokary derejeli hüjümler dowam etjege meňzese-de, Owganystanyň howpsuzlygy oňyn ugurdan barýar diýdi.

Panetta çarşenbe güni Kabulda, owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen bile çykyş eden metbugat ýygnagynda amerikan goşunlary we olaryň owgan ýaranlary soňky bäş ýylda zorlukly wakalary esli azaltmak bilen, saldamly öňegidişlik etdiler diýdi.

Şeýle-de ol owgan missiýasynyň entek soňlanmandygyny, Birleşen Ştatlaryň Owganystandan golaýda Amerikanyň bir adamsyz uçarynyň goňşy Eýranda eýe salynmagyna getiren gözegçiligini dowam etjegini aýtdy.

Karzaý öz çykyşynda Owganystanyň Eýran bilen örän dostlukly gatnaşykda bolasynyň gelýändigini we Waşington bilen Tähranyň arasyndaky konflikte goşulmak islemeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG