Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa haýbaty meselesinde Türkiýäni köşeşdirýär


Eýranyň daşary işler ministri Türkiýä eýranly syýasatçylaryň hüjüm edilen ýagdaýynda Türkiýäniň raketa goraglaryna zarba urmak baradaky sözleri Tähranyň resmi syýasatyny aňlatmaýar diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadoly habar gullugyna «hökümet jogapkärçiliksiz we bimany beýanatlary edýän adamlara zerur bolan duýduryşy berdi» diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň “Twitter” beýanatynda daşary işler ministri Ahmet Dawutogly öz eýranly kärdeşine telefon edip, ýakynda Eýrana hüjüm edilen ýagdaýynda Türkiýäni nyşana alarys diýlip edilen haýbatlardan nägileligini bildirdi diýilýär.
XS
SM
MD
LG