Sepleriň elýeterliligi

BMG Gyrgyzystany adam gynamagyň öňüni almaga çagyrýar


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary eksperti gyrgyz häkimiýetlerini hukuk bozmalaryň, adam gynamagyň, ýowuz daraşmagyň öňüni almaga we bu ýagdaýlara jogapkär işgärleriň jezasyz galmagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Juan Mendeziň beýanatynda Gyrgyzystanda ýowuz daraşmalar we adam gynamalary, şeýle-de kanun goraýjy resmileriň jogapkärçilige çekilmegi babatda çalasyn, hemme taraplaýyn we bitarap derňewiň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.

Ol bu beýanaty Gyrgyzystandaky fakt agtaryş missiýasynyň soňlanmagy bilen bagly ýaýratdy.

Mendez özüniň Gyrgyzystana sapary mahalynda dürli türmelerde saklanýan adamlar, şeýle-de Bişkekde, Oşda we Jalalabatda gynalan tussaglar bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG