Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda zorlanan aýal türmeden boşadyldy


“Zyna etdi” diýlip türmä basylan owgan aýalynyň aklawçysy öz müşderisiniň prezident Hamid Karzaýyň günä geçişinden soň azatlyga çykandygyny aýdýar.

Gülnäz ikinji gün azat edildi. Ol öz bir garyndaşy tarapyndan zorlanyp, «ahlak jenaýatynda» günäli tapylandan soň iki ýyl türmede oturdy.

Onuň amerikaly aklawçysy BBC-ä öz müşderisiniň hiç bir şertsiz azat edilendigini, onuň özüni zorlan adama durmuşa çykmak aladasynyň ýokdugyny aýtdy.

Gülnäz 1-nji dekabrda, prezident Karzaý halkara basyşlaryndan soň ýurduň sud resmileri bilen duşuşanldan soň bagyşlandy. Bu iş Owganystanda aýallaryň hukuklarynyň nähili agyr ýagdaýdadygyna ünsi çekdi.
XS
SM
MD
LG