Sepleriň elýeterliligi

Stambulyň metjitlerinde jynsy rewolýusiýa geçýär


Metjitlerde amala aşyrylýan bu özgerişler Türkiýede yslam dini boýunça döwlete degişli “Diýanet” edarasynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň çaginde geçirilýär.

Metjitlerde amala aşyrylýan bu özgerişler Türkiýede yslam dini boýunça döwlete degişli “Diýanet” edarasynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň çaginde geçirilýär.

Häzir aýallar üçin has amatly bolar ýaly Stambulyň metjitlerinde uly özgerişlikler geçirilýär. Emma bu inisiatiwa garşy çykýanlar-da az däl.


Kadriýe Awji Erdemli Stambulda ýerleşýän metjitleriň biriniň ymamy bilen metjitde aýal-gyzlara niýetlenen ýer bilen bagly dawalaşýar. Bu metjitde aýallara niýetlenen ýer dar hem hapa.

Stambul şäheriniň müftüsiniň orunbasary hökmünde Kadrýie Erdemli metjitlerde aýallar üçin döredilýän şertlere gözegçilik etmeli. Ol bu hakda öz pikirini şeýle mälim edýär:

—Aýal metjide girende, ol Allaň öýüne girýär. Şonuň üçin, metjitde ol hem ruhy galkynyşy duýmaly. Allanyň alnynda aýal-erkek – hemmesi deňdir. Olaryň hemmesiniň öz dinine uýmak hukugy deňdir.

Häzir Kadriýe Erdemli Stambuldaky 3 müňe golaý metjitde aýallara erkekler bilen deň şertler dörediler ýaly ýörite kampaniýa ýolbaşçylyk edýär. Şu ýylyň mart aýyndan bäri ol 30-a golaý topar düzüp, şäheriň metjitlerini barlady. Onuň aýtmagyna görä, bu barlaglaryň netijesi özlerini gaty geň galdyrypdyr:

—Biziň barlag toparlarymyz käbir metjitlerde aýallaryň täret kylmagy üçin şertleriň ýokdugyny anykladylar. Aýallara niýetlenen ýerler hapa, dar hem käbir halatlarda metjitdäki dürli zatlary saklamak üçin ulanylýar.

Kadriýe Erdemliniň ýolbaşçylygynda metjitleriň köpüsinde aýal-gyzlara niýetlenen ýerler arassalandy hem zenanlaryň namaz okaýan ýerini erkeklerden bölýän diwarlar hem perdeler ýok edildi. Ýöne, hanym Erdemliniň aýtmagyna görä, ayal-erkek bölünişigi metjitlerde mundan beýläk hem dowam eder. Sebäbi, Gurhana laýyklykda, aýallar erkekler bilen çagalaryň yzynda durup, namaz okamaly.

Geçen birki aýlykda Kadriýe Erdemli ymamlar hem dini wekiller bilen 40-a golaý duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyklarda metjitlerde amala aşyrylýan özgertmeleriň Gurhana laýyklykda amala aşyrylýandygy barada düşündiriş berildi.

Metjitlerde amala aşyrylýan bu özgerişler Türkiýede yslam dini boýunça döwlete degişli “Diýanet” edarasynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň çaginde geçirilýär. Bu barada “Diýanet” boýunça bilermen, Stambulyň Doguş Uniwersitetiniň professory Istar Gozaýdin şeýle diýýär:

—Öň “Diýanet” diňe adaty hyzmatlar hem metjitler bilen meşgullanýardy. Häzir bolsa bu gurama her bir ynsany, şol sanda aýallary hem dini meselelere goşmaga synanyşýar. Soňky onýyllykda aýallaryň “Diýanetde” möhüm orunlary eýeläp başlandyklaryny görmek bolýar. Bu gurama aýal ymamlaryň wagyz-nesihatlary, metjitde aýallara gowy şertleri döretmek arkaly zenanlaryň dini duýgusyny oýarmaga synanyşýar.

Garaýyşlar tapawutly

Professor Gözaýdynyň bellemegine görä, aýal-gyzlar üçin metjitlerde has gowy şertleriň döredilmegi dini gullukçylaryň arasynda aýallaryň sanyny artdyrmak maksadyna ýetmek üçin edilen ädimdir:

—Öňki döwürde aýallar esasan öýde çagalarynyň terbiýesi bilen meşgullanan bolsa, häzir olaryň professional durmuşda has uly rol oýnaýandyklaryny görüp bolýar. Häzir zenanlar din meselesinde hem eýeleýän orunlaryny artdyrmak isleýärler. Olar ýurduň sosial ulgamyna hem gatnaşmaga synanyşýarlar.

Yslamçy “Zaman” gazetiniň žurnalisti 3-nji dekabrda çap edilen makalasynda din meselesinde aýallaryň roluny artdyrmak boýunça geçirilýän özgerişlikler bilen ylalaşmaýandygyny ýazýar:

—Men bu işleriň başda aýallary öýden çykaryp, metjide gatnatmak, soňra bolsa olaryň iş tapyp, işe ýerleşmegine dini taýdan esas döretmek üçin edilmeýändigine bil baglaýaryn.

Stambuldaky dükanlaryň biriniň eýesi 50 ýaşly Mehmet Gül hem aýallaryň maşgala ojagyny gorap, öýde bolmalydygyny aýdýar:

—Meniň pikirimçe, aýalyň orny öýde. Olar öýde oturybam namaz okap bilýärler. Metjitlerde bolsa erkekler üçinem ýer ýeterlik däl. Aýratynam juma namazy ýa-da dini baýramçylyklar wagty metjitde ýer bolmaýar. Şonuň üçin bu ýerik aýallaryň gelmegi gowy däl.

Ýöne, aýallaryň metjide gatnamagyna diňe erkek kişiler däl, eýse käbir aýallar hem garşy çykyş edýärler. Adynyň agzalmagyny islemedik bir zenan bu barada şeýle diýdi:

—Metjitde perde bolmasa bolmaz, sebäbi bu ýere gelýän erkek kişiler bizi görmeli däl. Dini kada-kanunlara görä, bu mümkin däl. Aýallar “mahrem”, ýagny gadagan, erkekler bizi görmeli däl.

Stambulyň müftüsiniň orunbasary Kadriýe Erdemli bolsa dini dessurlary berjaý etmekde aýal-erkekleriň deňhukuklylygyny gazanmakda adamlaryň aň-düşünjesini özgertmek üçin entekler köp işleriň edilmelidigi bilen ylalaşýar.
XS
SM
MD
LG