Sepleriň elýeterliligi

Putin: Saýlawlaryň netijeleri – jemgyýetiň pikiri


Premýer-ministr Wladimir Putinň sözlerine görä, Orsýetde parlamente geçirilen saýlawlaryň netijeleri ýurduň jemgyýetçilik pikirini häsiýetlendirýär.

4-nji dekabrda geçirilen saýlawlaryň netijelerine görä, Putiniň “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy Dumadaky iň uly partiýa bolmagynda galar. Ýöne partiýa möhüm köpçüligi gazanyp bilmedi.

Oppozisiýanyň öňe sürmegine görä, saýlawlaryň netijeleri “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň bähbidine galplaşdyrlypdyr. Bu köpçülikleýin protestleriň döremegine hem sebäp boldy.

Putin her ýyl göni efirde geçirilýän sowal-jogap çäresinde protestler barada şeýle çykyş etdi:

—Protestler, hawa. Kanunyň çäklerinde hökman geçirilsin. Hökümetiň alyp barýan işleri bilen hem ylalaşman bilerler. Muňa-da “hawa”. Sebäbi, hökümet elmydama özüni dogry alyp baranok, şeýle-de ol her wagt zamananyň kynçylyklaryna degişli jogaby bermegi başaranok. Kä halatlarda adamlar adalatsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Muňa hem reaksiýa bildirmeli. Ýöne jemgyýeti durnuksyzlaşdyrjak her dürli shemalara özüňi aldyrmak, meniň pikirimçe, bu nädogry we kabul edirliksizdir.
XS
SM
MD
LG