Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň harbylary Yrak missiýasyny tamamlady


Şu gün Amerikanyň Yrakdaky alyp baran urşy resmi taýdan tamamlandy. Munuň netijesinde, Bagdatdaky harby komandowiniýede Birleşen Ştatlaryň baýdagy aşak indirildi.

Bu çärä Amerikanyň gornamak ministri Leon Panetta, Yradaky amerikan goşunlarynyň komandiri, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky ilçisi gatnaşdy. Çärede Yragyň resmileri hem boldular.

“Kynçylyklar henizem bar. Ýöne Yragyň halky bu kynçylyklaryň hötdesinden gelip, has berk we durnukly döwleti gurmak ugrundaky tagallalarynyň ýanynda Amerika hem durar” diýip, Panetta belledi.

Häzir Yrakda 4 müňe golaý amerikan esgeri bar. Ýöne olar hem birnäçe günüň dowamynda ýurdy terk ederler. Mundan öň, Yrakda amerikanyň 170 müňe golaý personaly we 500 töweregi bazasy bardy.

Yrakdaky uruşda onlarça müň yrakly we 4,500 töweregi amerikan esgeri ölüpdi. Şeýle-de, köp sanda adam ýaralanypdy.

2003-nji ýylda Amerika Yraga gireninden soň, ol ýerde 1,5 milliona golaý amerikaly gulluk geçipdi.
XS
SM
MD
LG