Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda ýasama alkogol içgilerinden ölenleriň sany artýar


Hindistanda emeli ýasalan alkogol içgilerini içip, zäherlenip ölenleriň sany azyndan 102 adam boldy.

Resmileriň maglumatyna görä, Kolkata şäherinde başga-da onlarça adam öý şertlerinde ýasalan içgini içenden soň keselhana ýerleşdirilipdir. Zäherlenenleriň aglabasy garyp-pukara adamlar.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, emeli alkogol içgilerini ýasamakda we ýaýratmakda şübhe bilidirilip, dört adam tussag edilipdir.

“DPA” habar agentliginiň maglumatyna görä, 2010-njy ýylda Hindistanda 1,200 töweregi adam alkogol sebäpli ölüpdir.
XS
SM
MD
LG