Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW: Siriýada komandirler protestçilere garşy ot açamaga buýruk beripdir


Siriýada armiýa komandirleri prezident Başar al-Assada garşy çykýan protestçileri “mümkin bolan ähli serişdeler” bilen saklamaga, kä halatlarda olara garşy gönüden-göni ot açmaga hem buýruk beripdirler. Bu barada “Human Rights Watch” guramasy maglumat berýär.

HRW-niň täze hasabatynda bellenmegine görä, harby komandirler we aňtaw ofiserleri “bikanun ýagdaýda adamlary tussag etmäge, ýençmäge we gynamaga” hem görkezme beripdirler.

BMG-niň maglumatyna görä, Assadyň režimine garşy dokuz aý bäri dowam edýän protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynda ölen adamlaryň sany 5 müňe ýetipdir.

Assadyň özi protestleriň wagşylyk bilen basylyp ýatyrylmagyna görkezme bermändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG