Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty täze goranyş kanunynyň taslamasyna ses berdi


ABŞ-nyň Senaty goranyş boýunça täze kanun taslamasyny tassyk etdi.

662 milliard dollarlyk täze proýekt Birleşen Ştatlaryň Pakistana berýän kömeginiň bir böleginiň togtadylmagy, Eýranyň Merkezi bankyny nyşana alýan sanksiýalar ýaly çäreleri hem öz içine alýar.

Bu kanun taslamasy çarşenbe güni Wekiller öýünde hem sese goýlupdy we ol indi gol çekmegi üçin prezident Barak Obama geçirilýär.

Täze kanun taslamasynyň käbir bölekleri, Tähranyň ýadro programmasy sebäpli, Eýranyň Merkezi banky bilen işleşýän daşary ýurt maliýe guramalaryna garşy amerikan sanksiýalarynyň giriziljegini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň Eýrana basyşyny güýçlendirýär.

Täze kanun taslamasynda Pakistana berilmeli 700 million dollar kömegi togtatmak ýaly çäreler hem bar.

Eger Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Kongrese pakistan resmileriniň goňşy Owganystandaky amerikan esgerlerine wehim salýan elde ýasalan partlaýjylar howpuna garşy durýandygy barada maglumat berse, bu kömek togtadylmaz.
XS
SM
MD
LG