Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB rus saýlawlary barada alada bildirýär


Ýewropa Bileleşigi 15-nji dekabrda rus prezidenti Dmitriý Medwedew bilen geçirilen sammitde Orsýetde golaýda bolan saýlawlarda ýol berlendigi aýdylýan bidüzgünçiliklerden we adalatsyzlykdan alada bildirdi.

ÝB döwletleriniň geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompöý sammitden soň guralan metbugat ýygnagynda “Biz synçylar we rus jemgyýetçiliginiň bir bölegi tarapyndan aýdylan bidüzgünçilikler we adalatsyzlyk baradaky habarlardan alada edýäris” diýdi.

Şeýle-de ol Ýewropa Bileleşiginiň protestçileriň tussag edilmeginden alada galandygyny aýtdy.

Medwedew penşenbe güni özüniň Ýewropa liderleri bilen Orsýetiň prezidenti hökmündäki soňky sammitini geçirdi. Ol metbugat ýygnagynda Orsýetiň ýewrozonany halas etmäge maýa ýatyrmaga taýýardygyny aýtdy, ýöne anyk goşandyň gürrüňini etmedi.
XS
SM
MD
LG