Sepleriň elýeterliligi

Eýran Owganystandan ABŞ-nyň adamsyz uçar operasiýalaryny togtatmagy soraýar


Eýranyň resmi IRNA habar gullugynyň ýazmagyna görä, Eýran Owganystandan Birleşen Ştatlara Eýranyň üstünden adamsyz uçar uçurmaga ygtyýar bermezligi talap edýär.

IRNA Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehiniň sözlerine salgylanyp, Tähranyň Kabuldan ABŞ-a mundan beýläk owgan topragyny we howa giňişligini aňtaw operasiýalaryny geçirmek üçin ulandyrmazlygyny talap edendigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG