Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa barada BMG-niň täze rezolýusiýasyny taslaýar


Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalaryna Siriýadaky gandöküşikligi togtatmaga gönükdirilen täze rezolýusiýanyň taslamasy bilen tanyşmagy teklip etdi.

Geňeş agzalarynyň birnäçesiniň bu inisiatiwany gutlandygy, şeýle-de olaryň bu ýeterlik derejede berk däl diýendigi barada habarlar bar.

Orsýetiň ilçisi Witaliý Çurkin bu taslama BMG-niň dokuz aýlyk konfliktde 5 müň gowrak adam öldürildi diýýän zorlugyny soňlamaga çagyrýar diýýär.

Şeýle-de bu taslamada sanksiýanyň agzalmaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG