Sepleriň elýeterliligi

Islandiýa Palestinany ykrar edýär


Islandiýa Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde formal taýdan ykrar etdi we onuň bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýmakçy bolýar.

Bu ykrar ediş Islandiýanyň parlamenti iki hepde çemesi ozal bu kararyň haýryna ses berenden soň boldy.

Palestinanyň daşary işler ministri, Islandiýa öz kärdeşi bilen gepleşik geçirmäge gelen Riýad al-Maliki bu karary gutlady we onuň uly manysynyň bardygyny hem-de ozalky palestina raýdaşlyklary baradaky jarnamalardan has aňry geçendigini aýtdy.

Bu karara görä, Islandiýa Palestinany 1967-nji ýylyň alty günlük uruşundan öňki serhetleriň çäginde garaşsyz we özygtyýarly döwlet diýip ykrar edýär.
XS
SM
MD
LG